Abu aly
muhassin tanuhY
Bu wakany maňa kazy Abdylwahid Haşiminiň ogly kazy Abylhasan Muhammet gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, serkerdebaşylaryň biri täjirleriň baştutanyndan kän mukdarda pul karz alyp, bergisini bermegi gijikdiripdir. Şondan soňra bolan işleri şol täjiriň özi gürrüň berip, şeýle diýipdir: «Men iň soňunda halyf Mutadide ýüz tutmagy ýüregime düwdüm, çünki haçan serkerdebaşydan algymy talap etmek üçin barsam, onuň öýüniň gapysynyň kiltlidigini görýärdim, üstesine-de, hyzmatkärleri meni kemsidýärdiler. Men aramyzdaky düwni gowulyk bilen çözmek isläp araçy hem tutundym, emma munuň hem hiç hili peýdasy degmedi. Men hatda wezir Ubeýdulla ibn Süleýmana hem ýüz tutup gördüm, ýöne ol hem maňa kömek edip bilmedi. Halymdan habarly dostlarymyň biri günleriň birinde maňa ýüzlenip: «Gaýgy edip oturma. Men algyňy alyp bererin. Onsoň halyfa ýüz tutmagyň hem geregi bolmaz. Ýör, häziriň özünde yzyma düş» diýdi. Men onuň yzyna düşüp ugradym. Şol gidişimize Sulasyň bazaryna baryp ýetdik. Dostum meni tikinçi gojanyň öýüne alyp bardy. Goja, adatça, öz öýünde ony-muny tikmek bilen meşgul bolardy ýa-da metjide gidip Kuran okardy. Dostum oňa müşgilimi habar berdi we serkerdebaşynyň ýanyna gidip, bu işi birýüzli edip bermegini haýyş etdi. Biz üç bolup serkerdebaşynyň öýüni nazarlap ugradyk. Onuň öýi şu jelegaýlarda ýerleşýärdi. Men gidip barýarkak biraz ädim ogurlap, dostuma ýüzlenip: «Sen ýakymsyz işe baş goşduň. Bar özümiz owarram diýeli, emma gojany-da bu işiň içine sokduň. Bergidaryň gapysynyň öňünde peýda bolan badyna ony taýak astyna alarlar, bizi hem sylap goýmazlar. Bu serkerdebaşyny pylany bilen pylany, hatda weziriň özi hem akylyna aýlajak bolup gördi, emma ol bulara barmysyň hem diýmedi. Onuň haýsydyr bir tikinçiniň aýdanyna gulak asjak gümany barmy?» diýdim. Dostum ýylgyrdy-da: «Bar zat gowy bolar. Sen hiç zadyň aladasyny etme» diýip, ädimini batlandyrdy.