"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Makalalar

“Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumy: işewürlik geňeşleriniň mejlisleri

Aşgabat, 2-nji noýabr (TDH). Şu gün “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde “Türkmenistan — Koreýa Respublikasy” işewürlik geňeşiniň bäşinji mejlisi geçirildi. Söwda-senagat edarasynda guralan duşuşyga birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň, ulag ulgamynyň, dokma senagatynyň, suw hojalyk pudagynyň, ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň, Koreýa Respublikasynyň Daşky gurşaw ministrliginiň, Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň (KITA) we Koreýanyň Dokma önümleriniň söwdasy assosiasiýasynyň (KTTA), Koreýanyň Senagat tehnologiýalary institutynyň (KITECH), şeýle hem dürli ulgamlarda ýöriteleşen kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Gadyrly gatnaşyklaryň we doganlygyň asylly däpleri

türki döwletleriň bähbidine barha ilerledilýär Häzirki zaman dünýäsindäki geosyýasy ýagdaýlar sebitleşmek hadysasynyň ählumumy gün tertibine ýetirýän täsirini barha artdyrýar. Şoňa görä, soňky wagtlarda dürli derejelerde sebitleýin başlangyçlardyr meýdançalary herekete girizmek tejribesi aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şunda Türki Döwletleriň Guramasy ýaly ýaş düzümleriň çäginde hyzmatdaşlygy ilerletmek, onuň geografiýasyny giňeltmek, halkara giňişlikdäki ornuny pugtalandyrmak babatda-da täze mümkinçilikler açylýar. Döwrüň öňe çykarýan şeýle zerurlyklaryndan ugur alyp, bu guramanyň agza we synçy ýurtlarynyň Liderleri hem ýygy-ýygydan bir meýdançanyň başynda jemlenmek bilen, türki dünýäde toplanan iň gowy tejribeleri rowaçlandyrmagyň ýollaryny bilelikde ara alyp maslahatlaşýarlar. Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň şu gün, 3-nji noýabrda Astanada geçiriljek X ýubileý sammitiniňem bu ugurda möhüm ädime öwrüljekdigi şübhesizdir.

Altytaraplaýyn forum: tejribeler, mümkinçilikler, geljekki meýiller

Paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumy, onuň çäklerinde ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda kiçi mejlisler, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň ýaş telekeçileriniň işewürlik forumy, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» işewürler geňeşiniň hem-de «Türkmenistan — Koreýa Respublikasy» işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisleri geçirildi. Giň wekilçilikli halkara çäreler Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy has-da berkitmekde täze sahypany açdy. Daşary ýurtly myhmanlaryň ençemesini bir meýdança jemlän nobatdaky forum 6 ugur — ulag we logistika, saglygy goraýyş, lukmançylyk, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, bilim we ylym, syýahatçylyk bilen bagly derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga, bu ugurda öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmaga mümkinçilik döretdi. Ri Jong KUK,«Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň ýerine ýetiriji direktory:

Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmekde syýasy logistika

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda HHR-iň Başlygynyň çakylygy boýunça gatnaşan «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatynda, 19-njy oktýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygynda öňe süren başlangyçlarydyr çagyryşlary Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek ugrundaky tagallalarynyň barha rowaçlanýandygynyň güwäsi boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň: «Biziň pikirimizçe, häzirki wagtda «syýasy logistika» düşünjesi örän wajypdyr. Ony ykdysady ösüşiň we hyzmatdaşlygyň geljegi baradaky garaýyşlarynydyr mümkinçiliklerini paýlaşýan döwletleriň özara gatnaşyklarynyň köpugurly ulgamy hökmünde görýärin. Şol hyzmatdaşlyk bolsa syýasylaşdyrmakdan, könelişen ideologik ýörelgelerden azat bolmalydyr, deňlige, özara hormat goýmaga we birek-biregiň bähbitlerini nazara almaga esaslanmalydyr» diýen sözleri syýasaty öwrenijilerde uly seslenme döretdi. Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek», Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» strategiýalarynyň utgaşykly durmuşa geçirilmegi hem Gahryman Arkadagymyzyň syýasy logistikany ösdürmek başlangyjynyň örän netijelidigini görkezýär.

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Medeniýet günleri

29 — 31-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Döredijilik çäresi iki doganlyk halkyň medeni-ruhy taýdan has-da ýakynlaşmagyna we döwletara ynsanperwer gatnaşyklary täze derejä çykarmaga mümkinçilik berdi. Medeni çäräniň ilkinji gününde Daşkent şäherinde ýerleşýän Özbegistanyň Ýazyjylar birleşiginiň binasynda türkmen we özbek ýazyjy-şahyrlarynyň döredijilik duşuşygy geçirildi. Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen bu çärä iki ýurduň medeniýet, ylmy işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Özbegistanda ýaşaýan türkmenler gatnaşdylar.

Sungat halklary ysnyşdyrýar

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasy geçirildi. Ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlara baý bolan dabarada hytaýly myhmanlar öz çykyşlary arkaly milli aýdym-saz we tans sungatlaryny, gadymdan gelýän baý medeni mirasyny ussatlyk bilen görkezmegi başardylar. Biz hem dostlukly döwletiň ýurdumyza gelen wekilleriniň käbiri bilen söhbetdeş bolup, olaryň gürrüňlerini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Lýu HAÝRONG,Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň Medeniýet we syýahatçylyk departamentiniň başlygynyň orunbasary:

Türkmenistanda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» nobatdaky hyzmatdaşlyk forumy geçirildi

1-nji noýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumy geçirildi. Bu foruma Türkmenistanyň başlyklyk etmegi şu ýylyň möhüm ähmiýetli wakasydyr. Munuň özi Bitarap döwletimiziň ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen oňyn hyzmatdaşlyga, şol sanda köptaraply gurallar formatyndaky gatnaşyklara ygrarlydygynyň, sebit derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça ileri tutulýan wezipeleri çözmekde işjeň orun eýeleýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Forumdan bir gün öň – 31-nji oktýabrda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň we Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirilip, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 1-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Murat Nurtleuwy kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny ýetirdi hem-de goňşy ýurduň Türkmenistan bilen däp bolan, iki doganlyk halkyň taryhyň dowamynda emele gelen gatnaşyklaryna esaslanýan hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 1-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýewi kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň mähirli salamyny we ähli türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda dostlukly ýurduň Türkmenistan bilen ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanmasy tassyklanyldy, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döredijilikli, oňyn içeri we daşary syýasatyna ýokary baha berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 1-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi. Dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Prezident Emomali Rahmonyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Täjigistanda Türkmenistan bilen däp bolan netijeli dialogyň giňeldilmegine uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 1-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Pak Çžini kabul etdi. Myhman ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmaga çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Prezident Ýun Sok Ýoluň mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda koreý tarapynyň özara hormat goýmak, oňyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan däp bolan döwletara dialogyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýändigi nygtaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 1-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowy kabul etdi. Myhman ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny, berk jan saglyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Özbegistanda doganlyk Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly dialogyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Türkmenistanda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» nobatdaky hyzmatdaşlyk forumy geçirildi

Aşgabat, 1-nji noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumy geçirildi. Bu foruma Türkmenistanyň başlyklyk etmegi şu ýylyň möhüm ähmiýetli wakasydyr. Munuň özi Bitarap döwletimiziň ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen oňyn hyzmatdaşlyga, şol sanda köptaraply gurallar formatyndaky gatnaşyklara ygrarlydygynyň, sebit derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça ileri tutulýan wezipeleri çözmekde işjeň orun eýeleýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Soňky ýyllarda “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde uzak geljegi nazarlaýan netijeli gatnaşyklar üçin ygtybarly binýady emele getirýän bilelikdäki işiň baý tejribesi toplandy. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli daşary syýasat ugruny mynasyp dowam etdirip, bu formata girýän döwletler bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly goşant goşýar.

Türkmenistanda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» nobatdaky hyzmatdaşlyk forumy geçirildi

Aşgabat, 1-nji noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumy geçirildi. Bu foruma Türkmenistanyň başlyklyk etmegi şu ýylyň möhüm ähmiýetli wakasydyr. Munuň özi Bitarap döwletimiziň ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen oňyn hyzmatdaşlyga, şol sanda köptaraply gurallar formatyndaky gatnaşyklara ygrarlydygynyň, sebit derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça ileri tutulýan wezipeleri çözmekde işjeň orun eýeleýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Soňky ýyllarda “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde uzak geljegi nazarlaýan netijeli gatnaşyklar üçin ygtybarly binýady emele getirýän bilelikdäki işiň baý tejribesi toplandy. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli daşary syýasat ugruny mynasyp dowam etdirip, bu formata girýän döwletler bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly goşant goşýar.

Halkara ulag ulgamy — halklaryň abadançylygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistan ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine, hemmetaraplaýyn halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine, şol sanda özara bähbitli daşary söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar. Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda hormatly Prezidentimiziň eden çuň manyly çykyşynda hem ulag pudagynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns berilýändigi nygtalýar. 2016-njy ýylda Aşgabatda durnukly ulag boýunça BMG-niň birinji ählumumy maslahaty geçirildi. Geçen ýylyň tomsunda BMG bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanda guralan deňze çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlaryň ulag ministrleriniň duşuşygyny ýatlap geçip, hormatly Prezidentimiz bu ugurda Baş Assambleýanyň alty Kararnamany kabul edendigini buýsanç bilen belledi. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Bütindünýä durnukly ulag güni» mynasybetli durnukly ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Baş Assambleýanyň nobatdaky sessiýasynyň çäklerinde Nýu-Ýork şäherinde ýokary derejeli maslahaty geçirmek baradaky teklibi öňe sürüldi.

Köpöwüşginli sungat baýramy

31-nji oktýabrda paýtagtymyzda Hytaýyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň dabaraly açylyşy boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen türkmen-hytaý gatnaşyklary barha ösdürilýär, işjeň häsiýete eýe bolýar. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň başlangyçlary bilen geçirilýän medeni çäreler Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýaşaýan doganlyk halklaryň medeniýeti, sungaty, däp-dessurlary bilen giňden tanyşmaga mümkinçilik döredýär.

Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky ulag aragatnaşyklary boýunça maýa goýum forumy Brýusselde geçiriler

Ýewropa Komissiýasy 2024-nji ýylyň 29-30-njy ýanwarynda Belgiýanyň Brýussel şäherinde döwlet we hususy pudagyň wekillerini, yklymyň iki sebitiniň – Ýewropa we Merkezi Aziýa – arasynda durnukly ulag aragatnaşygyny gowulandyrmak isleýän maýadarlary birleşdirjek maýa goýum forumyna taýýarlyk görýär. Forum Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň arasyndaky durnukly ulag aragatnaşygy boýunça Ýewropa Komissiýasynyň garamagynda Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky tarapyndan ozal ýerine ýetirilen we geçirilen barlag işleriniň dowamy bolar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň we ÝHHG-niň Baş sekretarynyň duşuşygy

Aşgabat, 31-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Taraplar sebit howpsuzlygy, durnukly ösüş, şol sanda serhet howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi we ekologiýa, ulag ulgamy bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmidiň belleýşi ýaly, bu forum ýokarda agzalan ölçegleriň her biri boýunça sebitdäki wajyp meseleleri çözmekde özara gatnaşyklary giňeltmäge we berkitmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de degişli halkara düzümleriň işini utgaşdyrmagyň zerurdygy nygtaldy. Şunda bu ugurdaky taslamalary we çäreleri ýerine ýetirmekde ÝHHG-niň möhüm orny beýan edildi. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň anyk meseleleridir wezipeleri, sebitiň döwletleriniň bu ulgamlarda ädýän ädimleri boýunça pikir alşyldy, sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek boýunça tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen birnäçe teklipler beýan edildi.

Türkmenistanda Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet ýyly geçirilýär

Aşgabat, 31-nji oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Hytaýyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň dabaraly açylyşy boldy. Iki dostlukly ýurduň Baştutanlarynyň başlangyçlary bilen geçirilýän giň gerimli bu döredijilik çäresi türkmenistanlylary hytaý halkynyň köpöwüşginli sungaty, özboluşly däp-dessurlary hem-de medeniýet ulgamynda gazananlary bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir. Hytaý Halk Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary berkitmek ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllarda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň artýan depgini strategik hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga iki dostlukly ýurduň ymtylmagy bilen şertlendirilendir. Munuň özi şu ýylyň ýanwar we maý aýlarynda Türkmenistanyň Baştutanynyň HHR-e bolan saparlarynyň barşynda nobatdaky gezek tassyklanyldy.

DostluK köprülerini berkidip

Düýn Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň medeniýetine, aýdym-saz sungatyna bagyşlanan konsert boldy. Onda Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler. Konsertde ýaňlanan hoş owazly aýdymlar, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň, pugtalandyrmagyň tarapdarydygyny ýene-de bir gezek äşgär görkezdi. Ýurdumyzdaky ähmiýetli wakalaryň öň ýanynda şeýle konsertleriň geçirilmegi indi asylly däpleriň birine öwrüldi. Halkara ähmiýetli bu medeni çäräniň esasy maksady Aşgabatda geçiriljek “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň öňüsyrasynda baýramçylyk şowhunyny döretmekden ybaratdyr. Ýurdumyzyň häzirki döwürde ähli ugurlar boýunça gazanýan ösüşlerini wasp edýän aýdymçylaryň, sazandalaryň we tansçylaryň çykyşlaryna konserte gatnaşyjylar uly ruhubelentlik bilen tomaşa etdiler we olary şowhunly el çarpyşmalar bilen alkyşladylar. Munuň özi sungat ussatlarynyň zehinine berilýän ýokary bahadyr.