Gadyrly gatnaşyklaryň we doganlygyň asylly däpleri

3 Noýabr 2023
457

türki döwletleriň bähbidine barha ilerledilýär

Häzirki zaman dünýäsindäki geosyýasy ýagdaýlar sebitleşmek hadysasynyň ählumumy gün tertibine ýetirýän täsirini barha artdyrýar. Şoňa görä, soňky wagtlarda dürli derejelerde sebitleýin başlangyçlardyr meýdançalary herekete girizmek tejribesi aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şunda Türki Döwletleriň Guramasy ýaly ýaş düzümleriň çäginde hyzmatdaşlygy ilerletmek, onuň geografiýasyny giňeltmek, halkara giňişlikdäki ornuny pugtalandyrmak babatda-da täze mümkinçilikler açylýar. Döwrüň öňe çykarýan şeýle zerurlyklaryndan ugur alyp, bu guramanyň agza we synçy ýurtlarynyň Liderleri hem ýygy-ýygydan bir meýdançanyň başynda jemlenmek bilen, türki dünýäde toplanan iň gowy tejribeleri rowaçlandyrmagyň ýollaryny bilelikde ara alyp maslahatlaşýarlar. Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň şu gün, 3-nji noýabrda Astanada geçiriljek X ýubileý sammitiniňem bu ugurda möhüm ädime öwrüljekdigi şübhesizdir.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».