"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Makalalar

Mizemez doganlyk gatnaşyklarynyň ösüşlere uzaýan ýollary

6-njy awgustda Hazaryň kenarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy boldy. Foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagyndaky ýokary derejedäki forum «Awaza» Kongresler merkezinde geçirildi. Şol gün ir bilen hormatly Prezidentimiz «Awaza» Kongresler merkezine ugrady. Milli Liderimiz merkeziň eýwanynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň forumyna gatnaşmak üçin gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowy, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi hem-de Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmony nobatma-nobat mähirli, doganlarça garşylady.

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça bilelikdäki beýannama

(2021-nji ýylyň 6-njy awgusty, Türkmenbaşy şäheri) 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy boldy, duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti, Türkmenistanyň Prezidenti we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti gatnaşdylar.

Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — BIZIŇ BILELIKDE ÇÖZÜP BILMEJEK MESELÄMIZ ÝOKDUR

Dostluk suprasy: düşünişmek, ynanyşmak, ylalaşmak ýörelgesi

«Salam dost!», «Salam dogan!» diýen jümlelere telim gezek gabat gelip, ildeşlerimiz bilen özara pikir alşyp duran myhmanlar bu gün biziň «döwletli ojagymyzda» — Türkmenistanymyzda duz datdylar, türkmeniň myhmansöýerliginiň hezzet-hormatyny, hoşallygyny duýdular hem-de köňül matlaplaryny utgaşdyrdylar. Ösüş ugrundaky tagallalarda özara ynanyşmak ýörelgesine eýeribem, biri-biriniň dostluk goluny mäkäm gysdylar, bir ylalaşyga geldiler. Ine, şeýle ylalaşyklaryň başy Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy bilen badalga alyp, taryhy pursatlar bilen tamamlandy. Ýöne pursatlar tamamlansa-da, gatnaşyklarymyz ebedidir. Muňa biz ajaýyp Awazanyň goýnuna — dostluk suprasynyň başyna jemlenen dost-doganlarymyzyň göwnaçyk, hoşniýetli gatnaşyklaryndan hem ýene bir ýola göz ýetirdik. Mundan birnäçe aý ozal konsultatiw duşuşygyna gatnaşýandygymyz hakynda aýdanlarynda, ilki bilen serime dolan ýakymly ýatlamalar meni 2019-njy ýylyň noýabr aýyna alyp gitdi. Şol pursatlar edil, şu günki gün ýaly ýadymda. Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäheri. «Huş kelibsiz!» diýip, hormatly Prezidentimizi mähirli garşylaýan doganlyk özbek halky. Biz dost-doganlarymyzyň arasynda. Şonda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň ikinji konsultatiw duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyg

MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ MILLI ÖNÜMLERINIŇ HALKARA SERGISI

6-njy awgustda hormatly Prezidentimiz hem-de belent mertebeli myhmanlar — Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri sebitiň ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisine baryp gördüler. Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz porty biziň döwletimiziň we goňşy ýurtlaryň ykdysady üstünlikleri babatda ähmiýetli wakanyň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwaly

6-njy awgustda Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentleri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen sebitiň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde guralan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwalyna gatnaşdylar. Milli Liderimiz festiwalyň geçirilýän ýerine gelip, özüni garşylan Awazada geçirilen wekilçilikli foruma — Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna gatnaşyjy zenanlary mähirli mübärekledi.

Halkara hyzmatdaşlygyň ösüş ýolunda

Geljegi uly hyzmatdaşlyk

Geçen anna güni «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy geçirildi. Onda sebitiň döwletleriniň söwda-ykdysady, maýa goýum, senagat we ulag-kommunikasiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gabatlanyp geçirilen foruma Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň hökümetleriniň agzalary, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, maliýe guramalarynyň, hususy işewürligiň, beýleki degişli düzümleriň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Zenanlaryň bagtyýarlygy

6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça guralan iri halkara çäreleriniň çäklerinde Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň dialogy geçirildi. Oňa sebitiň ýurtlarynyň 5-siniň wekilleri, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hem-de BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Ýewropa we GDA döwletleri boýunça sebitleýin edarasynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Zenanlaryň dialogynyň gün tertibine zenanlaryň döwlet we jemgyýetçilik işlerine gatnaşmagy, özgertmeleri, şol sanda gender deňligini üpjün etmek, olaryň hukuklaryny, bähbitlerini goramak babatyndaky meseleler girizildi.

Berekediň ajaýyp baýramy

6-njy awgustda Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentleri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen sebitiň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde guralan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwalyna gatnaşdylar. Milli Liderimiz festiwalyň geçirilýän ýerine gelip, özüni garşylan Awazada geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna gatnaşyjy zenanlary mähirli mübärekledi. Döwlet Baştutanymyz olara sebitiň zenanlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek hem-de bu ugurda ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça alyp barýan uly we möhüm işleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Halkara sergi — ykdysady ösüşiň görkezijisi

6-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de belent mertebeli myhmanlar — Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri sebitiň ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisine baryp gördüler. Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz porty biziň döwletimiziň we goňşy ýurtlaryň ykdysady üstünlikleri babatda ähmiýetli wakanyň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Awazada agzybirlik mukamy belent ýaňlandy

Geçen anna güni «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gala-konserti boldy. Gadymy Hazaryň kenarynda geçirilen bu döredijilik baýramy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen türkmen deňiz ýakasynda uly üstünlik bilen geçirilen ýokary derejedäki çäreleriň jemini jemledi.

Dost-doganlyk mekanydyr Diýarym

Ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy hem-de dürli ugurly beýleki çäreleriň birnäçesi üstünlikli geçirildi. Biz bu sebitiň ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisine gatnaşyp, myhmanlar bilen özara pikir alşyp, olaryň ýürek buýsançlaryny okyjylara ýetirmegi makul bildik. Žangazy Žumataýew, Gazagystan Respublikasy:

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Biziň bilelikde çözüp bilmejek meselämiz ýokdur

Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi Awaza, 6-njy awgust (TDH). Şu gün bu ýerde, Hazaryň kenarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy boldy. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagyndaky ýokary derejedäki forum “Awaza” Kongresler merkezinde geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyndaky çykyşy

(Awaza, 2021-nji ýylyň 6-njy awgusty) Siziň Alyhezretleriňiz!Hormatly döwlet Baştutanlary:Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Nurgožoýewiç Žaparow,Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Şaripowiç Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Miromonowiç Mirziýoýew!

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Awaza, 6-njy awgust (TDH). Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy boldy. Milli Liderimiz belent mertebeli myhmany mähirli garşylap, ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda hem iri halkara guramalaryň hem-de abraýly sebit düzümleriniň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýän netijeli döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Awaza, 6-njy awgust (TDH). Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy. Milli Liderimiz Gyrgyz Respublikasynyň Baştutany bilen mähirli salamlaşyp, häzirki wagtda täze şertlerde gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň söwda-ykdysady hem-de medeni ýörelgeler arkaly bagly bolan goňşy döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Awaza, 6-njy awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda döwlet sapary bilen bolýan hem-de Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşýan Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy. Milli Liderimiz özara bähbitlilige, ynanyşmaga we birek-biregi hormatlamaga esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gazanylan derejesine kanagatlanma bildirdi. Bellenilişi ýaly, ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyk iki döwletiň bähbitlerine laýyk gelýär hem-de ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi we howpsuzlygy saklamak üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär.

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti bi­len du­şuş­dy

Awa­za, 6-njy aw­gust (TDH). Şu gün «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow Mer­ke­zi Azi­ýanyň döw­let­ Baş­tu­tan­la­ry­nyň kon­sul­ta­tiw du­şu­şy­gy­na gat­naş­mak üçin Türk­me­nis­ta­na ge­len Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew bi­len du­şuş­dy. Dost­luk­ly ýurt­la­ryň Li­der­le­ri mä­hir­li sa­lam­la­şyp, mi­ze­mez dost­luk­ly we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­na esas­lan­ýan döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga, şo­nuň ýa­ly-da, se­bit we hal­ka­ra gün ter­ti­bi­niň mö­hüm me­se­le­le­ri bo­ýun­ça öza­ra pi­kir alyş­ma­ga dö­rän müm­kin­çi­li­ge ka­na­gat­lan­ma bil­dir­di­ler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň baştutany bilen duşuşygy

Awaza, 6-njy awgust (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň hem-de Hazar deňziniň kenarynda guralýan beýleki halkara çärelere gatnaşýan BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Türkmenistandaky sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German bilen duşuşdy. Milli Liderimiz BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Türkmenistandaky sebit merkeziniň ýolbaşçysyna ýurdumyzda geçirilýän halkara forumlara hem-de taryhy ähmiýetli şanly wakalara işjeň gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Milletler Bileleşiginiň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.