Zenanlaryň bagtyýarlygy

8 Awgust 2021
1114

6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça guralan iri halkara çäreleriniň çäklerinde Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň dialogy geçirildi. Oňa sebitiň ýurtlarynyň 5-siniň wekilleri, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hem-de BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Ýewropa we GDA döwletleri boýunça sebitleýin edarasynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Zenanlaryň dialogynyň gün tertibine zenanlaryň döwlet we jemgyýetçilik işlerine gatnaşmagy, özgertmeleri, şol sanda gender deňligini üpjün etmek, olaryň hukuklaryny, bähbitlerini goramak babatyndaky meseleler girizildi.

«Mugallymlar gazeti».