"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň halkara ynsanperwerlik çäreleriniň maksady howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermekdir

Arkadag şäheri, 19-njy iýul (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bina edilen Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Ukrainadan hoşallyk haty gelip gowuşdy. Şanly waka mynasybetli bu ýerde geçirilen dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri, gaznanyň müdiriýetiniň agzalary, Arkadag şäheriniň häkimi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, şeýle-de Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi gatnaşdylar. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýermek bilen, şu ýylyň mart aýynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy Ukrainanyň çagalaryna ynsanperwerlik kömegini iberdi. Munuň özi halkymyzyň mätäçlik çekýänlere doganlyk goluny uzatmak ýaly asylly ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Şäher — dünýä derejesinde

Robert FRANSEW,Bütinrussiýa döwlet teleradiogepleşikler kompaniýasynyň Merkezi Aziýa sebit bölüminiň ýolbaşçysy: — Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna gatnaşmak, dünýäniň dürli künjeklerinden gelen halkara habarlar agentlikleriniň, teleýaýlymlarynyň we internet-portallarynyň wekilleri bilen bilelikde, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen «akylly» şäher baradaky habarlardyr maglumatlary halk köpçüligine ýetirmek bagtynyň miýesser edendigine diýseň buýsanýaryn. Açylyş dabarasyna Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belgiýanyň, Wengriýanyň, Gruziýanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Rumyniýanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Fransiýanyň hem-de Ýaponiýanyň žurnalistleri gatnaşyp, täzelikleri gyzgyny bilen okyjylar hem-de tomaşaçylar köpçüligine ýetirmegi, has dogrusy, dünýä ýaýmagy başardylar. Dünýäniň 30-a golaý döwletinden gelen žurnalistler dabaranyň yzysüre Arkadag şäherinde Türkmenistanda ilkinji «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanýan «akylly» şäheriň açylmagyna bagyşlanyp geçirilen halkara mediaforuma hem gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi sebitara durnukly ulag meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Belgiýa Patyşalygynda Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag gatnaşyklaryna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri bilen birlikde Türkmenistanyň ilçisi, Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissiýasynyň Baş müdiriýetiniň sebitleýin direktory Peteris Ustubus gatnaşdy. Maslahata gatnaşyjylar Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag gatnaşyklaryny ýola goýmakda Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň geçiren barlaglarynyň netijelerini we ondan gelip çykýan teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Umumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna iş sapary bilen ugrady Aşgabat — Jidda, 18-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen, Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyna ugrady. Jidda şäherinde geçiriljek ýokary derejedäki sammit umumy abadançylygyň hem-de ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli döwletara we sebitara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimizi resmi adamlar ugratdylar.

Täjigistanyň daşary işler ministriniň ýurdumyza sapary

15-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilýän ikitaraplaýyn geňeşmelere gatnaşmak üçin paýtagtymyza sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi. Dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny, ähli türkmenistanlylara rowaçlyk hem-de abadançylyk baradaky hoşniýetli sözlerini ýetirdi.

Türkmenistan — Täjigistan: netijeli hyzmatdaşlyk berkidilýär

15-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilýän ikitaraplaýyn geňeşmelere gatnaşmak üçin paýtagtymyza sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi. Bellenilişi ýaly, iki ýurduň arasyndaky deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine daýanýan gatnaşyklar türkmen we täjik halklarynyň gadymdan gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk däpleri esasynda ösdürilýär. Diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan bäri geçen 30 ýylda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk işjeň ösdürildi we häzirki wagtda-da yzygiderli pugtalandyrylýar. Dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň netijeli gurallary ýola goýuldy, pugta hukuk binýady döredildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 15-nji iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilýän ikitaraplaýyn geňeşmelere gatnaşmak üçin paýtagtymyza sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi. Dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny, ähli türkmenistanlylara rowaçlyk hem-de abadançylyk baradaky hoşniýetli sözlerini ýetirdi. Şunda Täjigistanda doganlyk Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Sanly ulgamda işgärleri dolandyrmagyň aýratynlyklary

Sanly ykdysadyýete geçmek kärhanalardan işgärleri dolandyrmaga çemeleşmek usullaryny özgertmegi talap edýär. Sanly ykdysadyýet tehniki ilerlemäniň, tehnologiki infrastrukturalaryň ösüşleriniň tebigy netijesidir. Uly maglumatlar gorunyň ulanylmagy bolsa, jemgyýeti köpçülikleýin sanly öwrülişige alyp barýar. Sanlylaşdyrmagyň birinji tapgyry internetiň millionlarça ulanyjylar üçin elýeterli edilmegidir. Häzirki tapgyry bolsa önümçilik hadysalaryna we dolandyryşa sanly hyzmatlaryň, önümleriň we ulgamlaryň giň gerimde ornaşdyrylmagy bolup durýar. Tehnologiki düzgünler, önümçilik baglanyşyklar, isleg we önümçiligiň dolandyryjylygy özgerýär. Bu bolsa hojalyk amallarynyň tizligini ýokarlandyrmaga, täze maglumat çeşmelerini döretmäge, täze önümleri ornaşdyrmaga we işlemegi ýönekeýleşdirmäge mümkinçilik berýär. Bilermenler tarapyndan telekeçiligi dolandyrmagyň üýtgedilip guralmagynda maglumatlaryň tizligini, geçirijiligini we howpsuzlygyny üpjün edýän gural hökmünde blokçeýn tehnologiýasynyň mümkinçiliklerine ýokary baha berilýär.

Türkmenistan — Özbegistan: döwletara gatnaşyklar pugtalandyrylýar

10-njy iýulda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri boldy. Döwlet Baştutanymyz özbek Liderini Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de oňa berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, saýlawlaryň netijeleri Prezident Şawkat Mirziýoýewe we onuň alyp barýan döredijilikli syýasatyna bolan ählihalk ynamynyň aýdyň beýanydyr.

Habarlar halkara giňişlikde

ÝHHG bilen hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär Ýakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy B.Muhammedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Kanadanyň Wankuwer şäherinde geçirilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 30-njy mejlisine gatnaşdy. Maksady Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde howpsuzlyk, hyzmatdaşlyk, demokratiýa bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat bolan duşuşyga gurama agza döwletleriň wekilleri çagyryldy. Bu gezekki mejlis terrorçylyga, kiberhowplara, guramaçylykly jenaýata garşy göreşmek ýaly wehimleriň öňüni almak meselesine bagyşlandy.

Türki dünýäde Magtymgulynyň döredijiligi wagyz edilýär

Bitarap Türkmenistan 1993-nji ýylda esaslandyrylan Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Maksady umumy maddy we medeni gymmatlyklary goramakdan, ösdürmekden, geljek nesillere miras goýmak işinde türki halklaryň arasynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmekden ybarat bolan bu gurama köp sanly halkara taslamalary durmuşa geçirip, türki halklaryň medeniýetini wagyz etmegi ileri tutýar. TÜRKSOÝ-nyň guramagynda türki dilli döwletleriň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirilýän bilelikdäki çäreler bolsa halklarymyzyň birek-birek bilen has-da ýakynlaşmagyna ýardam berýär. 11-nji iýulda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Ankarada ýerleşýän ştab-kwartirasynda «Magtymguly Pyragy we türki halklaryň edebiýaty» ady bilen geçirilen halkara ylmy maslahat hem beýik türkmen şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dünýä derejesinde dabaralandyrmak boýunça guralýan köpöwüşginli çäreleriň üstüni ýetirdi. Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy hem-de TÜRKSOÝ tarapyndan bilelikde guralan maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktorynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ankara şäherine bardy. Ylym we me

Türkmen wekiliýeti ählumumy habarlar forumyna gatnaşdy

Golaýda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň wekilleri Malaýziýanyň Kuçing şäherinde geçirilen Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Ählumumy habarlar forumyna gatnaşdy. Bu forum dünýäniň 30-dan gowrak ýurdunyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ýere jemledi. Duşuşygyň gün tertibine emeli aň, howanyň üýtgemegi bilen bagly takyk maglumatlar, töwekgelçilikler we päsgelçilikler boýunça mowzuklar girizilip, halkara çäräniň barşynda bular babatda meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de çözgütler kabul edildi. Forumda dünýäniň dürli künjeklerindäki habarlar gulluklarynyň wekilleri bilen Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň agzalarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilip, tejribe alşyldy. Umumy maslahatda dünýäde abadançylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň tutýan orny we olaryň tagallalaryny birleşdirmek, hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, bu ugurdaky mümkinçilikleri giňeltmek barada gürrüň edildi. Çykyşlarda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek ugrunda işjeň çykyş edýändigi we şol ynsanperwer tagallalaryň dünýä bileleşigi tarapynda

Arkadag şäheri — halkara ähmiýetli şäher

Adamzat ýaşaýşy üçin zerur bolan ýol, köpri gurmak, bina galdyrmak türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda sünnäläp gelen, asylly däpleriniň biridir. Ata-babalarymyzyň häzirki nesillere miras galdyran döwletlilik ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuş ýüzünde aýdyň beýanyny tapýar. Muny Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary netijesinde bina bolan döwrebap şäherleriň, obalaryň ýokary hilli gurluşynyň tejribesinde görmek diýseň guwandyryjydyr. Mähriban halkymyzyň ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, şäherlerinde, etraplarynda, obalarynda döwrebap enjamlaşdyrylan desgalary, mekdepleri, saglyk we medeniýet öýlerini, çagalar baglaryny, kitaphanalary, döredijilik merkezlerini gurmak babatynda Milli Liderimiziň bitiren ägirt uly hyzmatlaryna goýýan beýik sarpasynyň, buýsanjynyň, guwanjynyň çägi ýokdur. Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen täze şähere Gahryman Arkadagymyzyň adynyň dakylmagy hem munuň aýdyň mysalydyr.

Myhmanlara söz berýäris

Kubanyçbek OMURALIÝEW,Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary: — Arkadag şäheriniň açylmagyna bagyşlanan çärelere ählimiz agzybirlikde gatnaşdyk. Döwrebap şäher hemmelerde uly täsir galdyrdy. Türki Döwletleriň Guramasynyň adyndan Arkadag şäherine «Türki dünýäniň ilkinji akylly şäheri» atly şahadatnamasynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) bolsa «XXI asyryň şäheri» atly ýörite şahadatnamasynyň gowşurylmagy «akylly» şäheriň ähli talaplara laýyk gelýändigini görkezýär. Biz Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedow bilen bilelikde ýaşaýyş jaýlara, saglygy goraýyş merkezlere, medeni ojaklara baryp gördük. Binalar daşky hem-de içki bezegleri boýunça «akylly» şäher konsepsiýasynyň talaplaryna laýyk gelýär. Täze şäheriň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Hoşniýetli gatnaşyklar

Ösüşiň täze sepgitlerini nazarlaýan Garaşsyz Türkmenistan Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy eziz Diýarymyzyň häzirki döwürde parahatsöýüjilik ýörelgeleri bilen birlikde dünýä ýüzünde adamzadyň geljegi hakyndaky wezipeleriň maksadalaýyk çözgütleriniň üpjün edilmeginde esasy orny kesgitleýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan hoşniýetli içeri we daşary syýasaty döwletimiziň dünýädäki at-abraýyny has-da belende galdyrýar. Döwletimizde iri taslamalaryň we maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, ýurdumyzy ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmekde ajaýyp üstünlikleriň gazanylmagy Garaşsyz Watanymyzyň halkara abraýyny has-da artdyrýar. Şonuň netijesinde, ösüşiň aýdyň ýolundan öňe barýan Türkmenistan bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga, özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýän döwletleriň, halkara guramalaryň hem-de kompaniýalaryň we işewürleriň sany barha artýar. Aýdylanlara mysal hökmünde hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlara amala aşyrýan saparlarynyň dowamynda dürli ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmek bilen baglanyşykly gol çekilýän resminamalary, geçirilýän duşuşyklary aýratyn nygtamak bolar. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan

Ulag we söwda hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak ugrunda

Penza Söwda-senagat edarasynda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky söwda wekili Aleksandr Ýelizarow bilen iş duşuşygy geçirildi. Bu çärä harytlaryny eksport etmek we daşary ýurt bilen söwda hyzmatdaşlygy ýola goýmak isleýän Penza kärhanalarynyň 40 töweregi wekili gatnaşdy diýip, «PenzaPress» 7-nji iýulda habar berdi. Bellenilişi ýaly, Penza Söwda-senagat edarasynyň başlygy Wladimir Podobed duşuşygy açyp, Russiýa Federasiýasynyň köp ýurtlarda, esasanam soňky 8 — 10 ýylda söwda wekilhanalarynyň ýokary derejeli işini belläp geçdi. Onuň nygtaýşy ýaly, Penza Söwda-senagat edarasy resmi saparlary, iş wekilhanalaryny, sergileri taýýarlamakda daşary ýurtly söwda wekilleri bilen yzygiderli aragatnaşyk saklaýar.

Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň mümkinçilikleri artýar

Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Andreý Belousow ulag we logistika geçelgelerini ösdürmäge bagyşlanan maslahatyny geçirdi — diýip, dostlukly ýurduň Hökümetiniň metbugat gullugy ýazýar. Onda Demirgazyk — Günorta, Azow — Gara deňizleri hem-de gündogar ugurlary boýunça halkara ulag ugurlaryny ösdürmegiň meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri giňeldilýär

Düýn Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň parlament işleri boýunça orunbasary Ýumi Ýoşikawanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana sapar bilen geldi. Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde hem-de Mejlisde duşuşyklar geçirildi. Şeýle-de dostlukly ýurduň wekiliýet agzalary Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna Ýaponiýa hakynda iňlis dilinde neşir edilen kitaplary sowgat bermek mynasybetli guralan dabara gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Ýaponiýa bilen ýola goýlan gatnaşyklara, dostluk, birek-birege ynanyşmak, özara düşünişmek esasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Türkmen-ýapon gatnaşyklary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça üstünlikli ilerledilýär. Şoňa görä-de, Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň parlament işleri boýunça orunbasary Ýumi Ýoşikawanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda ileri tutulýan ugurlary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ýokary derejedäki dialogyň özara hereketleri giňeltmekde uly ähmiýete eýedigini nygtap, şunda parlament diplomatiýasynyň ornuna aýratyn

Daşary ýurt kompaniýalary «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» AGPJ bilen iş alyp barmaga gyzyklanma bildirýär

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda ýerleşýän ýokary öndürijilikli enjamlar bilen üpjün edilen «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen bilelikde iş alyp barmaga gyzyklanma bildirýärler. TDH-nyň habar berşi ýaly, bu barada 7-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew deňiz we derýa ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, gämi gurluşygy boýunça daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda alnyp barylýan işler hakyndaky hasabatynda aýtdy.

Arkadag şäheri — giň mümkinçilikleriň şäheri

Çon ŽU,BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Baş direktorynyň orunbasary, dolandyryjy direktory.