Türkmenistan — Özbegistan: döwletara gatnaşyklar pugtalandyrylýar

14 Iýul 2023
775

10-njy iýulda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri boldy.

Döwlet Baştutanymyz özbek Liderini Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de oňa berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, saýlawlaryň netijeleri Prezident Şawkat Mirziýoýewe we onuň alyp barýan döredijilikli syýasatyna bolan ählihalk ynamynyň aýdyň beýanydyr.

"Nesil".