"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Makalalar

Mukaddesligi döredýän eller

(«Mirasym — mertebäm» makalalar toplumyndan) Tamdyr halkyň keramat hasaplaýan mukaddesligidir. Çörek bişirmek üçin her bir hojalykda ulanylýan tamdyry ýasamak köp zähmeti talap edýär. Biz muňa indi bassyr 30 ýyldan gowrak wagt bäri bu iş bilen meşgullanyp gelýän, asylly kärinden döwlet tapan, iki ogly, dört gyzy terbiýeläp ýetişdiren, 19 agtygyň enesi, Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň Ýalkymly geňeşliginiň Sulhy obasynda ýaşaýan Bagdagül Bazarowa bilen gürrüňdeş bolanymyzda anyk göz ýetirdik.

Başy sümmenli bala

Mähriban çagalar, siz geçen asyrlarda täze doglan bäbejiklere tä 3-4 ýaşyna ýetýänçä nähili başgaplaryň geýdirilendigi barada nämeleri bilýärsiňiz? Geliň, bular barada size käbir maglumatlary gürrüň bereýin... Irki döwürlerde çaga başgaplarynyň dürli görnüşleri bolupdyr. Şolaryň biri-de sümmen börük ýa-da il arasynda aýdylyşy ýaly, çile börük bolupdyr. «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde» «sümmen» sözüne şeýle düşündiriş berilýär: «Sümmen — ýaş çaganyň gulaklaryny ýapyp duran gurama tahýasy. Meniň ballym ýaşynda, Ýaşyl sümmen başynda (Hüwdi). Ol adaty tahýadan iç göwrüminiň çuňlugy bilen tapawutlanypdyr. Bu başgaba berlen at hem onuň çaganyň başyna maňlaýy, gulaklary bilen sümdürilip, gaýym geýdirilýändigi bilen baglanyşykly bolsa gerek. Sümmen börük bäbejige ýedi çilesinden soň, ýagny, onuň näzijek teni ýedi günüň dowamynda az-kem berkişenden soň geýdirilipdir. Ony, esasan, bäbejigiň garry enesi tikip taýýarlapdyr. Bu başgabyň biçiliş usuly tahýanyňkydan tapawutlydyr. Tahýa depe we etek böleklerinden ybarat bolsa, sümmen uçlary inçelip gidýän mata böleklerini birleşdirmek arkaly tikilýän başgapdyr. Käbir ýagdaýlarda oňa pessejik depelik hem edilipdir. Kiçijik sümmen dürli reňkli nah matalar

Milli terbiýäniň nusgasy

Belli bolşy ýaly, jemgyýetiň berkligi, döwletiň berkararlygy maşgalanyň jebisligi bilen özara baglanyşyklydyr. Maşgalanyň abraýy onda terbiýelenýän çagalaryň edep-terbiýe kadalaryny berjaý edişine, daş-töweregindäkiler, ilkinji nobatda bolsa ene-atasyna we beýleki maşgala agzalaryna bolan edepli gatnaşygy bilen ölçenilýär. Şu pikirden ugur alsak jemgyýetiň bagtyýarlygy, döwletiň berkararlygy ýaş nesle maşgalada berilýän terbiýä hem baglydyr. “Eklemek borçdur, çörek bermek borçdur, terbiýe bermek bolsa iki esse borçdur” diýen pähime eýerýän türkmen maşgalasynda çaga terbiýesinde ownuk zadyň ýokdugyny görkezýär. Türkmen halkynyň durmuşynda asylly ýörelgeler bar. Şol ýörelgeler, däp-dessurlar maşgaladan başlanýar. Ýaş nesillere berilýän terbiýäniň özeninde milli we asylly ýörelgelerimiz saklanyp galýar. Halkymyz ýaş nesilleri terbiýelemäge hem aýratyn üns beripdir. Esasan hem ýaşlary terbiýelemegiň milli mekdebi kemala gelipdir. Şeýle milli ýörelgeleri edebi çeşmelerimizden, halk döredijiliginden aýdyň görmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» kitabynda edep-terbiýe barada ençeme nakyllar bar: «Akylly ogul hem edep, hem talap», «Akylly ogul — hümmetli, akylly gyz gymmatly», «Edebiň ýagşysy — salam bereni, Ý

Gadymy mirasyň dürler hazynasy

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän şöhratly taryhy bar. Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplarynda halkymyzyň gadymdan gelýän medeniýeti, şöhratly taryhy giňişleýin beýan edilýär. Hut şonuň üçin hem milli gymmatlyklarymyzy ylmy esasda öwrenmekde hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplary nusgalyk gollanma bolup durýar. Orta asyrlarda türkmenleriň beýik işleri durmuşa geçirmegi esasynda Gündogar halklaryna, ylaýta-da taryhçylara, dilçilere türkmen dilini, medeniýetini öwrenmäge itergi bolupdyr. Şeýle zerurlyk bilen ýazylan eserleriň hataryna Mahmyt Kaşgarlynyň XI asyrda ýazan “Diwany-lugat at-türk” atly sözlügini goşup bolar. Gurluşy we häsiýeti boýunça bu esere dilçi alymlar türki halklaryň şol döwürde ulanan dilleri, nakyllary, aýtgylary, mahlasy, medeniýeti, edim-gylymy hakynda giňişleýin maglumat berýändigi sebäpli muňa ensiklopedik sözlük hem diýýärler.

Boýaglaryň aýratynlyklary

Geçen asyryň ahyrlarynda söhbetdeş bolmak üçin dokmaçylyk işinde ussatlyga ýeten halyçylaryň biriniň ýanyna bardym. Şonda ol biri-birine meňzeş iki sany mis gaby görkezdi. — Gaýnymdan galan ýadygärlik. Ol boýaglary özi taýýarlaýan ekeni. Birinde nil, birinde ajy taýýarlapdyr.

Ýolumyza nur çaýýan eserler

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýyly uly ruhubelentlige beslenýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanmagy, ösüp gelýän ýaş nesliň watansöýüji, maksada okgunly adamlar bolup ýetişmekleri üçin amala aşyrylýan işleriň gerimi barha giňeýär. Gahryman Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň il-günümiziň bagtyýarlygyna gönükdirilendiginiň aýdyň subutnamasy bolan ajaýyp eserleriniň terbiýeçilik ähmiýeti örän uludyr. Şonuň üçinem mähriban Arkadagymyzyň ýiti zehininden döreýän kitaplary hemişelik ýankitabymyzdyr. Döwlet Baştutanymyzyň her bir eseri ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde bize ýakyndan ýardam edýär. Şolaryň hatarynda «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyny hem görkezmek bolar. Kitapda pederlerimiziň geçen şöhratly ýoly rowaýatlaryň, hekaýatlaryň, tymsallaryň üsti bilen şöhlelendirilýär. Onda beýan edilen wakalar halkymyzyň ata Watana, ene topraga bolan buýsanjynyň örän ýokarydygyny açyp görkezýär.

Halallyk ýörelgelerine eýerip...

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ata-babalarymyzdan biziň günlerimize gelip ýeten milli medeni mirasymyzy öwrenmäge we ony dünýä ýaýmaga aýratyn üns berilýär. Türkmen halkynyň milli mirasynda hiç bir halkyňka meňzemeýän özboluşlylyklar bar. Köpgörnüşli milli mirasymyz hiç haçan özüniň gadyr-gymmatyny gaçyrmaýar. Biz milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolan juwaz hem-de halallyk ýörelgelerine berk eýerilip ýöredilip gelinýän juwazçylyk kesbi bilen ýakyndan tanyşmak maksady bilen bu kesbi arkama-arka dowam etdirip gelýän Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Parahat geňeşliginiň ýaşaýjysy Hydyr Ataýewlere bardyk. Il içinde Kerim Çary ady bilen tanalýan bu adamyň juwaz hem-de juwazçylyk kesbi baradaky gürrüňleri gyzykly boldy.

Soraň, jogap berýäris

Şirin Gylyjowa, Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň ýaşaýjysy, tikinçi:

Nesil ýörelgese dowamat

Näme maksat bilen gelenimizi aňan gelin birden turup gitdi-de, goňşy otagdan üstünden uzak ýyllar geçse-de, diňe sürtülip giden parawuzyndan çen tutaýmasaň, reňkini ýitirmedik matasy täze ýaly çäkmeni alyp geldi. — Garry gaýynatamyň geýen çäkmeni. Gaýynenemiň gaýynenesi, ýagny garry gaýynenem pahyr dokapdyr. Mukaddeslik hökmünde hem aýap saklaýarys, hemem nusga alýarys. Wesýet boýunça, nesip etse, menem gelinlerime geçirmeli.

Görkezip zenan näzlerini, nepisdir gelin ýaşmagy

Ýaşmak! Bu sözi agzanyňda, türkmen zenanlarynyň edep-ekramy, uz ýaşynýan asylzadalygy, milli keşbi göz öňüňe gelýär. Ýaşmak hakynda pikir edeniňde, türkmen zenanlarynyň özboluşly asylly häsiýeti ýadyňa düşýär. Aslynda, taryhy çeşmelerde türkmen zenanlarynyň ýüzüniň açyk bolandygy barada nygtalsa-da, olaryň tebigy keşbinde utanç-haýa, asylzadalyk bar. Şol keşbiň zenanlaryň tebigatyna siňendigini durmuş hakykatynda käbir hereketlerden hem görüp bolýar. Muňa mysal edip, ulugyzyň utananda ýüzüni tutup gürlemeginiň ýa-da kähalatda gyz-gelinleriň iki barmagy bilen agyzlaryny çalaja tutup gürlemeginiň genetikadan (nesil yzarlamadan) gelip çykan häsiýetdigini alymlar nygtaýarlar. Geliň, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň «Uýat eýleýir» şygryndan şu setirleri mysal getireliň: Meňli hanym golun dişläp,

Hala baglanan ykbal (Halypa hormaty)

Ony ýöne halyçy diýip atlandyrsaň, has bärden gaýdýan ýaly bolup dur. Sebäbi ol diňe bir haly-palas dokamagyň ussady däl. Bu zenana berlen tebigy zehin köp ugurlary öz içine alýar. Ol haly gölleriniň täzeden-täze nusgalaryny döretmegem, olary ak kagyzyň ýüzüne nagyşlap, surat çekmegem, haly önümlerine döwrebap şekil bermegem, keşde çekip, gaýma gaýamagy-da başarýar. Diýmek ol, halyçy hem suratkeş, dizaýner hem modelýer, keşdeçi hem gaýmaçy. On barmagynyň hünäri bilen gaýtalanmajak ajaýyp eserleri, dünýäde deňsiz-taýsyz gözellikleri döredýän Annabibi mugallymdan öwrenere zat gaty kän. Okyjylar, gürrüňiň Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Annabibi Islamowa barada barýandygyny aňan bolsalar gerek. «Zenan kalby» žurnalynyň sahypalaryny özüniň döredýän ajaýyp haly önümleriniň keşbi bilen bezeýän bu zenany diňe paýtagtymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň çäginde hem tanamaýan az-azdyr. Kagyz hem-de elektron görnüşde ýüz müňden gowrak tiraž bilen tutuş ýurdumyza ýaýraýan neşiriň üsti bilen okyjylar bu çeper elli zenanyň işlerini synlamaga mümkinçilik tapýarlar. Žurnalyň sahypasyndan görüp, ol we beýleki haly we haly önümleriniň dokalyşy, gölleri hem-de dizaýny barada güneşli Diýarymyzyň dürli künjeginden bolan gyz-gelinleriň reda

Nagyşly bukja

Nagyşly bukjanyň parçalarynyň biçilişi hem keşdeli saçagyň biçilişi ýalydyr. Ululyk, giňlik ölçegi hem her kimiň islegine görä bolup biler. Siziň synlaýan nagyşly bukjaňyzda «kürtegoçak», «akly-garaly goçakly gülýaýdy» nagyşlar ýerbe-ýer sünnälenip, gaýma maşynynda gaýaldy. Bukjanyň pugtamasy elde ýerine ýetirildi.

Saçagyň biçüwi

Keşdeli saçagyň nusgada taýýar görnüşinde ilki ýazgynlygyna uzynlyk-giňlik ölçegi 95 santimetr we tikin parhy hem biçime girizilen bolmaly. Saçaklyk parçanyň we saçaga içliklik parçanyň dört tarapyny deň ölçegde biçmeli. Olaryň düzüw ýüzüni bir-biriniň ýüzüne ýapyp, sypap, jebisleşdirmeli-de endigan kök atmaly. Gyrasynda 4—5 mm ýer goýup, dört tarapyny tikip barýarkaň, haýsy-da bolsa bir tarapynda el salar ýaly ýerini tikmeli däl. Onsoň, tikmän goýan ýeriňden eliňi salyp, dört burçuny hem daşyna öwrüp, ütükläp sünnälemeli-de, kök atmaly. Saçagyň gyrasynda 3—4 mm ýer goýup, tikin maşynynda sürmeli. Nusgada görnüşi ýaly, ilki nagyşlaryň ýerini ölçäp belgileseň, nagyşlar ýerbe-ýer hem owadan bolar. Ölçemeseň, nagyşlar çem gelen ýerde ýarty ýa-da goşa düşer. Nusgada «Aý bäş ýyldyzly», «Gün», «çopantelpek güller» el keşdede, «göl», «gowaça gül», «ak bugdaý» gaýma maşynynda ýerine ýetirildi.

«Bäş daş»

«Bäş daş» oýny, salkyn saýaly, özem daşy ýerden syrlap alar ýaly tekiz we arassa ýerde, azyndan iki bolup oýnalýar. Bu oýny, esasan, gyzjagazlar oýnaýarlar. Oýny oýnamak üçin bäş sany togalajyk daş — çagyl saýlanyp alynýar. Ol daşlaryň galyňlygy çen bilen 11 millimetr, göwrümi 22 millimetre barabar bolýar. Ondan kiçi daşlary tutmak, ýerden syrlap almak aňsat däl. Uly daşlar bolsa çagalaryň eliniň aýasyna almaga amatsyz hasaplanylýar. Oýun oýnalanda bäş daş sag eliň aýasynyň içine alynýar. Daşlaryň ählisi ýokary zyňlyp, eliň arka tarapyna düşürilýär we ýene ýokary zyňlyp, eliň aýasy bilen howada gapylýar. Oýna kimiň ilki başlamalydygyny kesgitlemek üçin, oýunçy şu sözleri aýdýar: «Elarka kaky». «Bu elimiň arkasy bilen daşy kakyp, tutup alýaryn» diýdigi. Şeýle sözler bilen başlanýandygy üçin «Bäş daş» oýny käbir etraplarda «Elarka» oýny diýlip hem atlandyrylýar. Bu söz oýnuň ady hökmünde «Gözdaňdy», «Guşakgapdy», «Kepbamgurdy» ýaly oýunlaryň atlary kimin goşma at şekilinde ýüze çykypdyr. Oýnuň bu etaby haýsy oýunçy köp daşy tutup bilene çenli dowam edýär. Mysal üçin, bir oýunçy daşy ýokary zyňanda, bäş daşyň dördüsiniň, üçüsiniň... eliň arka tarapyna düşmegi ýa-da gapylanda hemmesini tutup bilmezligi mümkin. Şeýle

Ak öýleriň ýaraşygy

Syrgyn oba gelşik berip oturan ak öýlerini «Ak öýüm—ojagym» — diýip, söýgülän ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz olary haly önümleri bilen bezemegi-de hemişe üns merkezinde saklapdyrlar. Haly türkmen halkymyzyň dünýä beren gymmatlyklarynyň biridir. Halyçylygy sungat derejesine ýetirmegi başaran eli çeper ene-mamalarymyz haly bilen birlikde ak öýleriň bezegi bolan haly önümleriniň esasy görnüşleriniň biri bolan ajaýyp torbalary dokamagy-da ussatlyk bilen başarypdyrlar. Çagalyk ýyllarymyz ürç edinip aşyk oýnardyk. Çagalaryň arasynda ýörgünli oýun bolan aşyk oýnunda utup, aşyklarymyzy köpeldip bilsek armanymyz ýokdy. Şonda garry enemiň: «Aşyklaryňy saklar ýaly men saňa aşyktorba dokap bereýin, guzym!» diýip aýdan sözleri ýaşym birçene baranda bolsa, heniz-henizler hem ýadymdan çykanok. Şol aşyktorba, beýleki torbalar bilen birlikde häli-häzir hem maşgalamyzda mukaddes miras hökmünde saklanylýar. Garry enem köplenç işigimizdäki gara öýde bolardy. Men boş wagtlarym ýanynda bolamsoň, bilesigelijilik bilen «Gara öý näme?» diýip, ýa-da onuň içine bezeg berip duran dürli görnüşli torbalary, çuwaldyr horjun we beýleki esbaplaryň, gurallaryň atlaryny, näme üçin ulanylýandygyny sorardym. Şonda enem ýaltanman olar barada düşündirerdi:

Gadymdan gelýän halypa-şägirtlik ýoly

Halypa äpet bir daragta, şägirt onuň miwesine meňzedilýär. Halkymyzda «miweli daragt» düşünjesi, ilkinji nobatda, şägirt ýetişdirip bilýän halypalar hakynda söz açylanda has köp ýatlanylýar. Sebäbi, halypa-şägirtlik ýoly müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgämizdir. Her bir ynsan halypa görmezdenem, belli bir ýoly külterläp biler, emma halypalar has uzak menzillere ýetmäge güýç-gaýrat, ynam berip bilýän ynsanlardyr. Özbaşyna alty aýda geçjek ýoluny halypaly adam bir aýda geçip bilýär. Uzak ýyllaryň dowamynda munuň netijeli ugurdygyna göz ýetiren pederlerimiz halypa-şägirtlik ýoluny ýörelge derejesine çykarypdyrlar. Haýsy ugurda zähmet çekýändigine garamazdan, halypa öz ugrunyň alymy hasaplanýar. Taryhdaky alym-akyldarlarymyz hem şeýle menzili — halypa-şägirtlik ýoluny geçen beýik ynsanlardyr. Türkmen alymlary diňe bir Gündogar ylmyna däl, eýsem dünýä ylmyna saldamly goşant goşan halklaryň biri diýsek, tüýs ýerine düşer. Orta asyrlarda Türkmen döwletleriniň hökümdarlarydyr soltanlarynyň ylym-bilimi, medeniýeti ösdürmäge uly goşant goşandyklary barada çeşmelerde giňden beýan edilýär.

Meşhur şahsyýetlerimize sarpa goýulýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň taryhyny, milli mirasyny, halkymyzyň däp-dessurlaryny, ýol-ýörelgelerini, geçmişde ýaşap geçen tanymal türkmen şahsyýetleriniň ömri we döredijiligini öwrenmekde hem-de dünýä ýaýmakda tutumly işler alnyp barylýar. Dünýäniň we Türkmenistanyň taryhynda, edebiýatynda, ylmynda uly yz goýan belli türkmen şahsyýetleri has giňişleýin öwrenilip, olar baradaky maglumatlar ýaş nesillere ýetirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly gymmatly eserinde: «Ata-babalarymyzyň, meşhur taryhy şahsyýetlerimiziň il-ulsumyza galdyran pentleri asyrlaryň gatyndan many açýar» diýen ajaýyp sözlerinden belli bolşy ýaly, geçmişde ýaşap geçen gerçekleriň durmuşyny öwrenmek bilen, şol döwrüň taryhy wakalaryna göz ýetirýärsiň.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan hekaýat

Bir goşgynyň döreýşi

Esenguly etrabynyň Çekişler obasy gojaman Hazar deňziniň kenaryny ýakalap oturan gadymy obalaryň biri bolup, onda ýaşaýan ilatyň kesp-käri balykçylykdyr. Öňki döwürler adamlar deňizden balyk tutup, dürli guşlary awlap, güzeranlaryny dolandyrypdyrlar. Türkmenistanyň halk ýazyjysy, atamyň dogany Anna Kowusow hem şu obada balykçynyň maşgalasynda doglup, gözüni açyp göreni balykçylaryň durmuşydy. Şeýle bolansoň, dogduk obasyndan uzakda ýaşap, işlese-de, balyk tutmaga, guş awlamaga rugsat edilýän möwsümde obasyna gelip, mähriban obadaşlary bilen awa giderdi, mergen awçylaryň biri hasaplanardy. «Aşgabatdan Anna däde gelipdir» diýen habary eşiden oba adamlary, balykçylar, awçylar, mergenler şahyryň garry öýlerine, ýagny biziň öýümize üýşerdiler. Diňe bir biziň obamyzdan däl, eýsem, etrap merkezi bolan Esenguludan hem awçylar gelerdiler. Olar gijäniň ýaryna çenli deňziň baýlyklary, balykçylyk kesp-käri, guşlar hakynda söhbet ederdiler. Şahyr bolsa olara öz döreden goşgularyny okap bererdi. Dogduk obasy, gojaman Hazar deňzi, onuň gözellikleri hakyndaky goşgulary bu ýere ýygnanan adamlar uly gyzyklanma bilen diňläp, olardan lezzet alardylar. Şeýdip, olar gije ýarymdan agandan soň, ertir awa gitmeli wagty maslahatlaşyp, öýlerine gaýdardylar.

Milli miras

GADYMY SAZ GURALLARY Milli mirasymyza sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, gadymy saz gurallarymyzyň belentden ýaňlanýan owazlary toý-baýramlaryň bezegi bolup, baky bagtyýarlygyň ruhy deý ýaňlanýar. Kakylyp çalynýan deprek türkmeniň gözbaşyny Oguz han eýýamyndan alyp gaýdýan gadymy 72 saz gurallarynyň bir görnüşi bolup, ol häzirki bagtyýarlyk döwrümizde has-da ýörgünlidir.