Tebigatymyz milli gymmatlygymyzdyr
Ylmy-tehniki ösüşiň pajarlaýan zamanasynda adamzadyň tebigata ýetirýän täsirleri çürt-kesik artdy. Şu sebäpli adamlaryň tebigat bilen özara gatnaşygyny sazlamak zerurlygy duýlup başlandy. Ýurdumyzyň tokaý seýilgählerinde, daglarynda, öri-sähra meýdanlarynda ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini üpjün etmek şu günki gün esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şu wezipeden we howanyň gyzgynlygynyň artýandygyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy tokaý seýilgählerinde, daglarda, öri-sähra meýdanlarynda ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmek boýunça aşakdakylary ýatladýar. Tokaý seýilgählerinde, daglarda, öri-sähra meýdanlarynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda jogapkär ýolbaşçylar tarapyndan ýangyn howpsuzlygynyň gaýragoýulmasyz çäreleri barada gözükdiriş gürrüňdeşlikleri geçirilmeli. Berkidilen çäklerde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini beýan ediji diwarlyklar, ilkinji ýangyn söndüriji enjamlary bilen üpjün edilen ýangyn germewleri oturdylmaly. Ösüp oturan baglaryň arasyndaky guran haşal otlary arassalap, hatar aralarynda sürüm işlerini geçirip, ýangyn howpsuzlyk zolagyny döretmeli. Ýangyn howpy döremezligi üçin uly baglaryň howa arkaly geçirilen elektrik geçirijilerine degýän şahalar