Şekillerde jana gelýär gözellik

19 Aprel 2023
620

Daş-töweregimizi gurşap alýan tebigat bilen ynsan durmuşynyň arasynda sazlaşyk bar. Ynsan ogly tebigatdan ylhamlanyp, çeper döredijilige ýüzlenýär. Duýgularyny egismek bilen şol sazlaşyga goşant goşýar. Sungata sarpa, gözellige teşnelik bolsa, bizi biri-birimize ýakynlaşdyrýar.

Şeýle gözelligi döredýän ildeşlerimiziň biri hem Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Oral Temirowdyr. Ol Türkmen döwlet medeniýet institutyny üstünlikli tamamlap, Köýtendag etrabynyň medeniýet bölüminde işe başlaýar. Dogduk mekanynyň gözelliklerine bolan çuňňur söýgüsi ony kiçiliginden çeper döredijilige höweslendirýär. Bu söýgi soňabaka onuň ykbalyny sungat bilen baglamagyna sebäp bolýar. Mydama gözelligiň gözleginde gezýän suratkeş ösümlikleriň guran köklerini ýygnap, taraşlap, sünnäläp, dürli şekilleri ýasaýar. Onuň agaçlary ýonup, döredýän özboluşly sungat eserleri-de köpleriň göwnüni awlaýar. Oral Temirow öz döredijiligi arkaly adamlarda tebigata söýgi döredýär, onuň täsin gözelliklerini gorap saklamagy ündeýär. Onuň döredijiligi öz muşdaklaryny tebigatyň gujagyna seýrana alyp gidýär. Oral aganyň aýtmagyna görä, käbir heýkeltaraşlar guran ot-çöplerde tebigat gözelliklerine degişli bir keşbi görýär we ony taraşlaýar. Şeýle görnüşde döredilen eserlere tokaý tapyndylary diýilýär.

Mahym ROZYÝEWA,
ýörite habarçymyz.