Taryhy ýadygärlikleriň ykrarnamasy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi ýurdumyzda milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini ýüze çykarmak, öwrenmek we saklap galmak meseleleri bilen meşgullanýar, onuň üstüne Türkmenistanyň Kanunlaryndan gelip çykýan milli taryhy hem-de medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we abatlamak boýunça ýörite ygtyýarly döwlet edarasynyň wezipesi ýüklenendir. Ýurdumyzyň hökümeti milli ýadygärlikleri saklap galmaga we goramaga, şeýle hem bu pudagyň hünärmenleriniň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin onuň hukuk binýadyny döretmäge uly üns berýär. Türkmenistan taryhy-medeni ýadygärliklere baý mekan hasaplanýar. Ýurdumyzda medeni ýadygärlikleriň iň gadymy döwürlere degişlileri-de bar. Orta asyrlarda gurlan binalar hem özboluşly gurluş äheňi, binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Garaşsyz Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda taryhy-medeni ýadygärlik toplumlary ýerleşýär. Dehistan, Nusaý, Amul galalarynda, Merw ýadygärlikler toplumynda haýran galarlyk täsinlikleri görmek bolýar. Aýratyn hem, Maşat ata, Togalakdepe, Goňurdepe, Gökjükdepe, Mansurdepe, Namazgadepe, Ulugdepe, Altyndepe, Ýylgynlydepe ýaly taryhy-medeni ýadygärlikl