Bezeglideräniň täsinlikleri

6 Iýul 2022
1434

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda Bezeglideräniň suratynyň ýerleşdirilmegi we gadymy ata-babalarymyzyň dag gowaklarynda, gaýalarda galdyran taryhy yzlarynyň tutuş adamzadyň şöhratly geçmişini öwrenmekde iňňän derwaýysdygy baradaky parasatly pikirleri güneşli Diýarymyzyň günbatarynda ýerleşýän bu täsin medeni ýadygärligiň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Bu kitapda gadymy şekilleriň, suratlaryň, nagyşlaryň, nyşanlaryň wajyplygy barada şeýle bellenilýär: «Adamzadyň taryhy, dünýä hakyndaky oýlanmalary örän irki döwürlerde daşlara, diwarlara, tansyk önümlerine, agaç gabyklaryna, gönlere, tylla tagtalara, kagyzlara, göllere, nagyşlara ýazylypdyr».

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm müdiri, etnograf.