Şahymerdan Murgap jülgesinde

27 Fewral 2023
1246

Gadymy Murgap derýasynyň adynyň gelip çykyşy barada dürli çaklamalar, pikirler bar. «Ab» — suw, ýöne «mur» ýa-da «murg» sözlerini garynja bilen-de, guş bilen-de baglanyşdyrýarlar. Bu derýanyň ýerli halkyň dilinde «Egrije» diýlip atlandyrylýandygyny, belki, köpler bilýän hem däldir. Bu ady, megerem, Tagtabazardaky Düldül ahyr obasynyň adamlary ýa-da Murgabyň sag kenarynda ýokary belentlikde ýerleşýän Şahymerdan babanyň aramgähine zyýarata gelýänler dakandyrlar.

Gözbaşyny Pamir daglaryndan alyp gaýdýan Murgap derýasynyň umumy uzynlygy 978 kilometr bolup, onuň 530 kilometri Türkmenistanyň çägine düşýär. Bu derýanyň 3 sany goşandy bar. Olaryň ilkinjisi Owganystanyň çägindäki, Türkmenistan bilen serhede golaýdaky Kaýsar derýasy. Tagtabazar etrabynyň çäginde bolsa Murgaba Kaşan we Guşgy derýalary goşulýarlar.

Muhammetberdi ANNAGELDIÝEW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Çary BAZAROW.