Atçylygyň gadymy merkezi

22 Fewral 2023
1220

Gadymy Marguş döwleti dünýäniň geografik kartasynda aýratyn orny tutýar. Bu ýerden tapylan gadymy tapyndylar ýaşaýjylaryň biziň eýýamymyzdan öňki III müňýyllygyň ahyrynda dünýäde ilkinji bolup diýen ýaly atlary eldekileşdirendikleri baradaky maglumatlara esas döredýär. Münülýän atlaryň Gadymy Marguş ýurdunda belli bolandygyna tapylan arkasy eýerli atyň daşdan ýasalan keşbi hem şaýatlyk edýär. Elbetde, munuň özi Merkezi Aziýada münülýän atlaryň bolandygy hakynda iň irki subutnamalaryň biridir we Gadymy Gündogarda atçylygyň ösüşiniň taryhy üçin iňňän wajyp ähmiýete eýedir.

Irki maglumatlardan mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň çäklerinde atlary biziň eýýamymyzdan öň VI müňýyllykda köpeldipdirler. Gadymy döwrüň adamlary atlara arabalary tirkäpdirler. Şol sebäpli atlary köpeltmek Ýakyn Gündogarda we Ýewropada giňden ýaýbaňlanypdyr. Meşhur türkmen atlary Kiçi Aziýadan Urartu we Müsüre, ondan bolsa Gresiýa we Rime çenli ýaýrapdyr. Olar aç-suwsuz uzak aralyga çapyp bilipdirler. Türkmenler has irki döwürlerde hem öz atlary barada aýdymlary, rowaýatlary, nakyllary döredipdirler.

Selbinýaz GARAGÖZOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.