Taryha sarpa

10 Fewral 2023
1035

15-nji ýanwarda Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyzyň Ahal welaýatynyň merkezi şäheriniň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşlygynyň dowamynda Arkadag şäherinde gurulmagy meýilleşdirilen baş metjidiň binagärlik toplumyna dahylly bolan çyzgylary synlap, onuň ýanynda medresäniň gurulmagynyň hem maksadalaýyk boljakdygyny aýtmagy bagtyýar watandaşlarymyzyň köňül arzuwyny ganatlandyrdy. Çünki türkmen halky öz milli däp-dessurlaryny, medeni gymmatlyklaryny asyrlarboýy saklap we gorap gelýär.

Taryhy maglumatlarda bellenilmegine görä, IX asyrdan başlap türkmen topragy yslam dünýäsiniň ylym we edebiýat äleminiň merkezi hasaplanypdyr. Horasan welaýaty hemişe ylmyň gülüstany bolup, onuň ähli ýerlerinde: Nusaýda, Abiwertde, Sarahsda we Merwiň çäklerindäki dürli şäherlerde, hatda onuň daş etraplarynda-da adamlaryň arasynda meşhur alymlar köp bolup, ylmy we medeni merkezleriň arasynda Merw şäheriniň öz aýratynlygy bolupdyr. Merw şäheriniň täsiri bilen Horasanyň başga şäherleri hem yslam medeniýetiniň ösüşinde esasy orunlara eýe bolupdyr. Merw Horasanyň esasy şäheri we ylmyň iň joşgunly merkezi hasaplanýar. Onuň kitaphanalarynyň Gündogar alymlaryny we filosoflaryny kitap bilen üpjün etmekde uly orny bolupdyr.

Rejep JOMMYÝEW,
Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň bölüm başlygynyň orunbasary.