Taryhdan söz açýan daşlar

9 Fewral 2023
1283

Gadymy türki ýazgylary bilen baglanyşykly ýazuw ýadygärlikleri häzirki Russiýanyň, Mongoliýanyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we biziň ýurdumyzyň çäklerinde duş gelýär. Olaryň ýörite işlenip taýýarlanan daşlara — «beňgutaşlara» (gadymy türki dilde beňgu taş — baky daş), adaty tebigy daşlara — «bitiktaşlara» (gadymy türki dilde bitig taş — «ýazgyly daş»), şeýle-de teňňeleriň, gap-gaçlaryň ýüzüne ýazylanlary häzirki günlere çenli saklanypdyr. Emma agajyň, pergamentiň, ýüpek matalaryň, kagyzyň ýüzüne ýazylanlarynyň aglabasy diýen ýaly ýitip gidipdir. Nusaý galasyndan tapylan küýze bölekleriniň 2700-e golaýyndan ýazgylaryň tapylmagy Gadymy Parfiýa döwletiniň hat-ýazuwy barada pikir ýöretmäge mümkinçilik döretdi. Taryhy tapyndylar 5-6 müň ýyl mundan ozal hem ata-babalarymyzyň ekerançylyk kalendarynyň bolandygyny görkezdi. Zenan heýkeljigine ýazylan şeýle kalendarlar Tejen derýasynyň aşak akymyndaky «Göksüri» sebitinden tapyldy. Ol Merkezi Aziýanyň çäginden tapylan iň gadymy kalendardyr.

Orhon, Gündogar Türküstan, Ýeniseý, Talas we Altaý ýadygärliklerinde duş gelýän ýazgylarda umumylyk bolsa-da, olaryň käbirinde gadymy etnoslaryň dialektlerine mahsus tapawutlary görmek bolýar. Olaryň arasynda orhon-oguz dillerini bellibir derejede gadymy türki halklaryň edebi dili hökmünde häsiýetlendirmek bolar.

Sona TYLLAÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.