Žül Werniň gahrymanlary türkmen topragynda

30 Ýanwar 2023
1574

Fransuz ýazyjysy Žül Werniň (1828-1905) baryp mundan ýüz otuz ýyldan gowrak öň türkmen halkynyň durmuşy bilen bagly maglumatlary fransuz we beýleki günbatar halklarynyň okyjylaryna tanyşdyrmakdaky hyzmatlary türkmen-fransuz edebi gatnaşyklarynyň taryhynda aýratyn orun eýeleýär.

Fransuz edebiýatynda başdangeçirmeler we hyýaly romanlaryň esasyny goýan ussat Žül Werniň «Klodius Bombarnak» romany fantastiki, ýagny hyýaly mazmuna eýe bolup, onda «XIX asyr» gazetiniň žurnalisti Klodius Bombarnagyň Hazar deňziniň kenaryndaky Uzynadadan başlanýan we türkmen topragynyň çäginden geçýän Zakaspi demir ýoly boýunça syýahaty suratlandyrylýar.

Mähri TUWAKOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň fransuz dili hünäriniň 3-nji ýyl talyby