Bö­ten­dag — ro­wa­ýat­la­ryň mes­ge­ni

29 Ýanwar 2023
1281

Sa­ry­ga­myş kö­lün­den 20 ki­lo­metr çe­me­si gün­do­gar­da Bö­ten­dag be­lent­li­gi se­leň­läp otyr. Gü­nor­ta­dan se­re­de­niň­de Bö­ten­dag Üst­ýurt gy­ry bi­len bir ul­ga­ma bir­leş­ýän hem bol­sa, ol öz­ba­şy­na dag be­lent­li­gi bo­lup dur­ýar. Uzak­dan se­ret­seň, Bö­ten­dag be­lent­li­gi­ni tu­tuş­ly­gy­na syn­la­mak müm­kin. Onuň gü­nor­ta burçy has be­lent bo­lup, ol uzak­lar­dan se­leň­läp gö­rün­ýär. Bir­ne­me go­laý­la­nyň­dan soň­ra onuň be­lent burçundaky ýa­dy­gär­lik­ler hem me­se-mä­lim saý­gard­ýar. Onuň üs­tün­de Yb­ra­ýym Ed­hem ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my ýer­leş­ýär. Bö­ten­da­gyň edil gap­da­lyn­dan Amy­der­ýa­nyň Sa­ry­ga­m­şa gu­ýan bir şa­ha­sy bo­lan Der­ýa­ly­gyň kö­ne ha­na­sy geç­ýär. Der­ýa­lyk Bö­ten­da­gyň de­mir­ga­zyk-gün­do­ga­ryn­dan ge­lip, onuň gü­nor­ta­syn­dan Sa­ry­ga­m­şa ta­rap ugur al­ýar.

Bö­ten­dag be­lent­li­gi­niň tö­we­re­gin­de ga­dy­my ýa­şaý­şyň yz­la­ry sak­la­nyp ga­lyp­dyr. Giň düz­lük­de ga­dy­my atyz-çil­le­riň, ýap­la­ryň yz­la­ry hä­zi­rem bil­dir­ýär. Ýer­li ilat ta­ra­pyn­dan Ak­ga­la diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan, yl­my çeş­me­ler­de Adak ady bi­len gel­ýän ga­dy­my ga­la­nyň ha­ra­ba­sy Bö­ten­da­gyň ete­gin­de ýer­leş­ýär. Bö­ten­da­gyň gün­do­gar gar­şy­syn­da, Der­ýa­ly­gyň çep ke­na­ryn­da ýe­ne bir ga­la bo­lup, ýer­li ilat ony hem Ak­ga­la di­ýip at­lan­dyr­ýar.

Ba­zar­gül AN­NA­ÝE­WA,
Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy et­ra­byn­da­ky 93-nji or­ta mek­de­biň mu­gal­ly­my.