Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen parahatçylyga, dost-doganlyga eýerýän ynsanperwer gatnaşyklary ýylsaýyn ösdürilýär. Hindistan Respublikasy hem şol hyzmatdaş döwletleriň biri hasaplanylýar.
Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 20-nji aprelinde ýola goýuldy. Hyzmatdaşlyk ýyllary içinde iki ýurduň arasynda baglaşylan şertnamalaryň hukuk binýady döredildi.