Türkmenistan — Palestina: hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeldip

17 Aprel 2022
986

2022-nji ýylda Bitarap Türkmenistanyň dünýä döwletleriniň 60-dan gowragy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagyna 30 ýyl dolýar. Şu mynasybetli, ýylyň başyndan bäri diplomatik gatnaşyklaryň şanly senesi bellenilýän döwletleriň birnäçesiniň ýurdumyzdaky doly ygtyýarly wekilleri bilen taýýarlanan söhbetdeşlikleridir olaryň makalalaryny okyjylara yzygiderli ýetirip gelýäris. Bu gün söz nobaty Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hossein Ali Mostafa GANNAMA ýetdi. Diplomat türkmen-palestin gatnaşyklarynda toplanan tejribe barada, ine, şeýle gürrüň berýär:

— Türkmenistan bilen Palestina Döwletiniň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 17-nji aprelinde ýola goýuldy. Şunlukda, biziň döwletimiz Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinjileriň hatarynda ykrar edip, resmi ýagdaýda ikitaraplaýyn gatnaşyklara badalga beren ýurtlaryň biri boldy. Häzirki güne çenli türkmen-palestin hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny emele getirýän resminamalaryň 7-si bolup, olara Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbasyň 2016-njy ýylyň 13 — 15-nji noýabrynda Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde gol çekildi. Ýokary derejeli şol saparyň barşynda Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky ilçihanasy açylyp, ol dostlukly döwletiň palestin halkyny hem-de Palestina bilen bagly ynsanperwer meseleler boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna hödürlenilýän Kararnamalary goldamagyny dowam edýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

Ýazga geçiren Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».