Türkmenistan – Hindistan Respublikasy: özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze tapgyry

14 Aprel 2022
818

Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen ýurdumyzda döwlet sapary bilen bolan Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda ýokary derejede gepleşikler geçirildi. Bu sapar döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza ilkinji saparydyr. Şeýle hem ýokary derejede geçirilen häzirki duşuşyk türkmen-hindi diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy hem-de Hindistanyň Garaşsyzlygynyň ýubileý 75 ýyllygy bellenilýän ýylynda geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar döwletara gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Onda söwda-ykdysady ulgam möhüm orun eýeleýär. Bu babatda energetika, senagat we ulag, ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda, oba hojalygynda, söwdada hem-de beýleki ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek üçin oňat mümkinçilikler bar. Döwlet Baştutanlary sebit we ählumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleriniň birnäçesi boýunça hem pikir alyşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda Owganystandaky ýagdaýa aýratyn üns berildi. Bu babatda Türkmenistan özüniň garaýşyny goňşy döwlete kömek we goldaw bermegiň syýasy-ykdysady hem-de ynsanperwer ugurlarynda bir maksada esaslanyp emele getirýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Hindistanyň Owganystan babatdaky tagallalaryna, şol sanda 2021-nji ýylyň 10-11-nji noýabrynda üstünlikli geçirilen «Owganystan babatda sebitleýin howpsuzlyk boýunça Dialoga» we onuň jemleri boýunça kabul edilen Deli Jarnamasyna ýokary baha berýär.