Şanly seneler — dostlugyň we hyzmatdaşlygyň dabaralanmasy

14 Aprel 2022
941

2022-nji ýyl türkmen-britan hyzmatdaşlygynyň taryhynda şanly senelere baýlygy bilen tapawutlanýar. Has takygy, şu ýyl Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna, şeýle-de dostlukly döwletiň Şa zenanynyň tagta geçmeginiň 70 ýyllyk ýubileýine gabat gelýär. Şanly seneleriň ähmiýeti barada Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Lýusia UAÝLD şeýle gürrüň berdi:

— Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan şu hepdäniň dowamynda möhüm seneleriň üçüsi — Onuň Alyhezreti, Şa zenany Ýelizaweta II 96 ýaşynyň dolmagy we onuň tagta geçmeginiň 70 ýyllyk ýubileýi, Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler. «Şa zenanynyň doglan güni» atly çäräniň çäklerinde guraljak dabaralara Türkmenistanyň Hökümet agzalary, ýurtda hereket edýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Türkmen-britan işewürlik jemgyýetiniň agzalary, bu ýerde bolýan britan raýatlary, ilçihananyň işgärleri we beýleki myhmanlar gatnaşarlar.

Ýazga geçiren Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».