Ulag-logistika: röwşen geljek

4 Aprel 2022
891

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen mejlisinde kabul edilen taryhy resminamada — «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ýurdumyzyň ulag-logistika ugrunda hem durmuşa geçirilmeli anyk çäreleriň göz öňünde tutulmagy degişli düzümiň ösüşini üpjün etmegiň geljekki ugurlaryny kesgitledi. Bu Maksatnamada, hususan-da, ýurdumyzyň ykdysady-geografik ýerleşişiniň amatlyklaryndan netijeli peýdalanyp, multimodal ulag geçelgelerini we ugurlaryny döretmek, ulag-logistika ulgamlarynyň ösmegi üçin amatly şertleri üpjün etmek boýunça anyk wezipeler barada aýdylýar.

Türkmenistanda kämil ulag-üstaşyr düzümlerini kemala getirmekde asyrlaryň dowamynda Gündogar bilen Günbataryň arasynda özboluşly köpri bolup hyzmat eden Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegi uly ähmiýete eýedir. Bu taslama diňe bir ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine däl, eýsem, tutuş dünýädäki hojalyk gatnaşyklarynyň ösüşine hem uly itergi berer. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň sebitdäki ulag-logistika düzümleriniň kuwwatyny ösdürmek babatda öňe sürýän halkara başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýar.

Myrat NURMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň uly mugallymy.