Hoşniýetli gatnaşyklar pugtalandyrylýar

3 Aprel 2022
948

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasyndaky dowam edip gelýän köpugurly gatnaşyklar ägirt uly kuwwata eýe bolýar. Muňa Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň ýurdumyza döwlet saparynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Ýokary derejede geçirilýän gepleşikleriň çäklerinde iki ýurduň bähbitleri nazara alnyp, ençeme ylalaşyklar gazanylar. Türkmen-hindi diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň hem-de Hindistanyň Garaşsyzlygynyň 75 ýyllyk ýubileýiniň baýram edilýän ýylyndaky bu duşuşyklar aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Iki dostlukly ýurduň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjek ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Hindistan ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny ykrar eden dünýäniň ilkinji döwletleriniň biridir.

Bu günki günde iki ýurduň arasynda möhüm ykdysady-söwda we ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Şonuň netijesinde ylym, bilim, medeniýet, saglyk, sungat, syýahatçylyk, sport we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamlarynda hyzmatdaşlyk netijeli häsiýete eýe bolýar. Geçen 30 ýylyň içinde syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, ylym-bilim ugurlarda durmuşa geçirilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk iki dostlukly ýurduň ykdysadyýetini pugtalandyrmaga ýardam berdi. Munuň özi gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan dost-doganlygyň mizemezligini subut edýär.

Bagty ÖDEGULYÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».