Halkara hukugyň ösüşine goşant

30 Mart 2022
971

Türkmenistan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň ykbaly, geljegi üçin uly ähmiýeti bolan taryhy wezipeleri üstünlikli çözýär, ýagny ykdysadyýetiň diwersifikasiýa ýoly bilen durnukly ösüşini, demokratik we hukuk döwletiniň, döwrebap jemgyýetiň yzygiderli kämilleşmegini üpjün edýär.

Ýurdumyzyň gazanan köp sanly üstünlikleriniň hatarynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň Milletler Bileleşiginiň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edilendigi, şeýle-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň (UNCITRAL) agzalygyna 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin saýlanylandygy baradaky hoş habarlaryň gelip gowuşmagy ýurduň we halkyň abraý-mertebesini ýene-de bir gez beýgeltdi. Çünki ýokarda agzalan Kararnamanyň awtordaşlary bolup 62 döwletiň çykyş etmegi Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Ýagmyr NURYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, hukuk ylymlarynyň doktory.