Parlament diplomatiýasy ilerledilýär

29 Mart 2022
872

Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 1-nji martynda Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň agzalary we Mejlisiň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda ähli ulgamlar boýunça parlamentarileriň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitläp, geçen döwrüň dowamynda Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň konstitusion kadalaryna esaslanyp, mähriban Watanymyzyň halkara abraý-mertebesini yzygiderli ýokarlandyrandygymyzy, ösüşiň we parahatçylygyň bähbidine dünýä halklary bilen dostlukly gatnaşyklary goldamak baradaky maksatlarymyza laýyk gelýän işleri yzygiderli amala aşyrandygymyzy buýsanç bilen belledi. Milli Liderimiziň ýiti pähim-parasady, öňdengörüjilikli tagallalary esasynda bütin dünýäde giňden ykrar edilen ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň täze taryhy döwürde, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda-da dowam etdiriljekdigine tüýs ýürekden ynanýarys.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň 151 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary saklap, halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň agzasy bolup durýar. Daşary döwletleriň 40-synda ýurdumyzyň diplomatik wekilhanalarydyr konsullyk edaralary hereket edýär. Türkmenistanda dünýä ýurtlarynyňdyr halkara guramalaryň diplomatik missiýalarynyň 48-si iş alyp barýar. Ýurdumyz halkara ylalaşyklardyr konwensiýalaryň hem 167-sine gatnaşýar, BMG-niň geňeşleriniň, komitetdir komissiýalarynyň 13-siniň düzümine girýär. Şunda parlamentara gatnaşyklara hem aýratyn orun degişli. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalary öz işinde daşary ýurtlaryň parlamentleri, halkara guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleri bilen gatnaşyklary has-da giňeltmek boýunça täzeçe çemeleşmelerden ugur alýar. Munuň özi Bitarap döwletimiziň halkara başlangyçlaryny goldamagyň möhüm guraly bolup durýar. Anyk syýasy ölçeglere, sagdyn, oňyn geljege, umumy ykrar edilen we hemmelere düşnükli bolan ynsan gymmatlyklaryna esaslanýan halkara gatnaşyklarda «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly täze pelsepe işjeň durmuşa geçirilýär.

Aýna KULIÝEWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Halkara meseleler baradaky komitetiniň baş hünärmeni.