«Beyond Meat» hem-de «PepsiCo» kompaniýalary bilelikde täze önümleriniň önümçilige goýberilendigini habar berdi. Bu önüm kompaniýalaryň bir ýyl mundan ozal işläp başlan bilelikdäki kärhanasynyň ilkinji önümidir. Nohudyň we noýbanyň esasynda döredilen täze «Beyond Meat Jerky» emeli et önümi dükanlarda indiki aý elýeterli bolar. Täzelik peýda bolandan soň «Beyond Meat»-iň paýnamalary 4,31% ýokarlanyp, ABŞ-nyň 53,47 dollaryna barabar boldy.