«AMC» ki­no­teatr­lar top­lu­my «Hycroft Mi­ning»-iň 22%-ini sa­tyn al­dy

21 Mart 2022
869

Ame­ri­ka­nyň ki­no­teatr­lar top­lu­my «AMC En­ter­tain­ment» ABŞ-nyň al­tyn ga­zyp al­ýan «Hycroft Mi­ning» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň paý­na­ma­la­ry­nyň 22 gö­te­ri­mi­ni sa­tyn alan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Be­ýa­na­ta gö­rä, kom­pa­ni­ýa, tak­my­nan, 23 mil­lion­dan gow­rak paý­na­ma­la­ry hem-de şol muk­dar­da­ky ke­pil­na­ma­la­ry ABŞ-nyň 27,9 mil­lion dol­la­ry­na sa­tyn al­dy. «Hycroft Mi­ning»-iň «Highcroft» kä­nin­dä­ki äti­ýaç­lyk­la­ry, tak­my­nan, 15 mil­lion un­si­ýa al­tyn­dan, 600 mil­lion un­si­ýa kü­müş­den yba­rat­dyr.

Ge­çen bir­ža söw­da­la­ryn­da «Hycroft Mi­ning»-iň paý­na­ma­la­ry 86,33% ýo­kar­la­nyp, ABŞ-nyň 2,59 dol­la­ry­na deň bol­dy.

Nuriýa TOLIBOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.