Dost-doganlyk ýörelgelerine ygrarlylyk

28 Fewral 2022
1002

26-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Milli Liderimiz türk kärdeşi bilen mähirli salamlaşyp, Rejep Taýyp Ärdoganyň hem-de onuň maşgalasynyň koronawirus ýokanjyndan sagalandyklaryna örän şatdygyny belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz dostlukly döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen mähirli gutlady. Prezident Rejep Taýyp Ärdogan hoşniýetli goldaw sözleri hem-de gutlaglary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.

"Nesil".