Türkmenistan — Türkiýe Respublikasy: dostlukly gatnaşyklardan strategik hyzmatdaşlyga çenli

28 Fewral 2022
1184

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllyk şanly senesi ýetip geldi. Köpasyrlyk mizemez dost-doganlyk ýörelgelerini «Bir millet — iki döwlet» diýen şygarda jemlän türkmen hem-de türk halklarynyň taryhy taýdan ýakynlygy, ýürekdeşligi bu gün döwletara hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, däp bolan gatnaşyklaryň täze gözýetimlerini açmaga ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Şundan ugur alyp, türkmen-türk hyzmatdaşlygynda ýetilen sepgitlerdir öňde durýan wezipeler barada giňişleýin pikir alyşmak üçin habarçymyz Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan ORAL bilen söhbetdeş boldy.

— Hormatly ilçi, ilki bilen, Sizi ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň şanly senesi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Özara hyzmatdaşlygyň geçen taryhy döwründe toplanan tejribäniň netijelerini biz gündelik durmuşymyzda-da görüp bilýäris. Siziň pikiriňizçe, onuň üstünligi, esasan, nämeler bilen şertlendirilýär?

Söhbetdeş bolan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».