Türkmenistan tehnologiýalar asyrynda sanlylaşdyrmak işini çaltlandyrýar

12 Ýanwar 2022
1065

«2021-nji ýylda, takmynan, 4,9 milliard adam ýa-da Ýer ýüzüniň ilatynyň 63 göterimi internetden peýdalandy. Munuň özi 2019-njy ýyldakydan 17 göterim köp bolup, hasaplamalara görä, şu agzalan döwürde 782 million adam internete birikdi...». Halkara Elektroaragatnaşyk Birleşiginiň (HEB) sanly aragatnaşyk ulgamy boýunça her ýylda çap edilýän ählumumy bahalandyrmasyndan — «Maglumatlar we sanlar» atly neşiriniň 2021-nji ýyldaky goýberilişinden alnan şu maglumatdan görnüşi ýaly, pandemiýa şertlerinde dünýäde internetiň ulanylyşy görnetin ýokarlandy. Bu, gürrüňsiz, aragatnaşygyň şu görnüşiniň adatdan daşary ýagdaýlaryň dowam edýän döwründe iş, okuw, söwda we beýleki möhüm hyzmatlaryňdyr birek-birekden habarly bolmagyň gymmatly çeşmesine öwrülendigi bilen baglydyr. Şundan ugur alyp, tutuş dünýäde bolşy ýaly, Türkmenistan hem aragatnaşygyň dürli ugurlary, şol sanda sanlylaşdyrmak ulgamy boýunça ýöriteleşdirilen düzüm hasaplanýan Halkara Elektroaragatnaşyk Birleşigi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn gyzyklanma bildirýär.

Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň 7-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen täze ýyldaky ilkinji mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti has-da ösdürmek maksady bilen, Halkara Elektroaragatnaşyk Birleşigi bilen anyk ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça täze teklipler hödürlenildi. «Sanly ykdysadyýeti döretmezden, döwletimiziň ösüşini göz öňüne getirmek asla mümkin däldir» diýýän milli Liderimiz bu meseläniň sanlylaşdyrmak babatda döwlet syýasaty bilen baglanyşyklydygyny belläp, degişli halkara düzümiň çäginde özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Bu ugurda beýan edilen teklipleriň, ilkinji nobatda, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» hem-de «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri amala aşyrmagy tizleşdirmekde ähmiýetli boljakdygyny nygtamak gerek. Çünki sanly ykdysadyýete geçmekde döwlet derejesinde işlenip taýýarlanan maksatnamalardyr strategiýalara esasy ornuň degişli bolşy ýaly, bu ugurda halkara hyzmatdaşlyk hem örän möhümdir. Şu babatda alnanda, bir ýarym asyrdan gowrak wagt bäri hereket edýän Halkara Elektroaragatnaşyk Birleşiginiň biziň ýurdumyz üçin maglumat-aragatnaşyk ulgamynda hödürläp biljek mümkinçilikleri köpugurlydyr.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».