Uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk ösdürilýär

7 Ýanwar 2022
944

6-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi.

Diplomat duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň döwlet Baştutanymyza mähirli salamyny hem-de Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlag hatyny ýetirdi. Şeýle hem milli Liderimize Pekinde geçiriljek XXIV Gyşky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga resmi diplomatik çakylyk haty gowşuryldy.

"Nesil".