Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogy

6 Ýanwar 2022
1078

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy sanly ulgam arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň her ýyl geçirilýän mejlisine gatnaşdy. Bu çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlamentleriniň we hökümetleriniň wekilleri, BMGÖM-niň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň, «BMG–zenanlar» düzüminiň, Merkez Aziýa ýurtlarynyň raýat jemgyýeti edaralarynyň, arap zenan–parlamentarileriniň deňlik ugrunda «Ra edat» guramasynyň hem-de Afrika zenanlarynyň birleşiginiň ýolbaşçylary we wekilleri hem gatnaşdylar. Mejlisiň çäklerinde Dialogyň ilkinji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri jemlenildi hem-de bu guramany ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerine we 2022-nji ýyldaky işleriniň meýilnamalaryna garaldy. Şu maksat bilen, durnukly ösüş, zenanlaryň syýasy işi, şol sanda parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerinde eýeleýän orny, ykdysady mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak ugurlary boýunça birnäçe çäreler geçirildi, şolaryň barşynda jemleýji beýannamalar kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçen ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň nobatdaky mejlisi geçirildi, onuň dowamynda gender syýasaty, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zenanlaryň eýeleýän orny meseleleri boýunça giňişleýin pikir alyşmalar boldy hem-de zenanlaryň hukuklaryny giňeltmek üçin maslahatlary özünde jemlýän jarnama kabul edildi.

Häzir Türkmenistanda zenanlar döwlet häkimiýetiniň ähli düzümlerinde, hususan-da, parlamentiň iki palatasynda hem giňden wekilçilik edýärler. Ýurdumyzda 2020 – 2025-nji ýyllarda gender deňligini üpjün etmek boýunça hereketleriň ikinji meýilnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. 2021-nji ýylyň aprel aýynda Türkmenistan BMG-niň Gender deňligi meseleleri we aýallaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça edarasynyň (BMG-Zenarlar) Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna 2022 – 2024-nji ýyllar döwri üçin saýlanyldy. Mejlisiň dowamynda 2022-nji ýylda bu gurama başlyklyk etmek wezipesi Türkmenistana berildi hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlaryna Ýüzlenmesi kabul edildi.