Maksatlaryň we tagallalaryň birligi GDA-nyň çägindäki gatnaşyklaryň giň gerim almagyna mümkinçilik berýär

3 Ýanwar 2022
1053

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 28-nji dekabrynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, Sankt-Peterburgda geçirilen GDA ýurtlarynyň Liderleriniň resmi däl sammitine gatnaşdy. Onuň dowamynda ýurdumyz boýunça GDA-nyň çägindäki ylmy-lukmançylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlary teklip edildi.

Gürrüňe girişmek üçin biraz yza dolanalyň! 1991-nji ýylda dünýäniň syýasy kartasynda özgerişler bolup, täze özbaşdak döwletleriň sany artanda, ykdysadyýeti belli bir derejede biri-birine bagly bolup durýan şol wagtky doganlyk Respublikalarda bir mesele örboýuna galypdy: geljekki garaşsyz ykdysadyýeti nähili guramaly? Edil şol wagt bu meseläni ýekelikde çözmegiň olaryň hiç birine-de oňyn netije bermejegine göz ýetirilensoň, tebigy ýagdaýda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyny döretmek pikiri ýüze çykdy, giň goldawa eýe boldy. Onuň maksadynyň dünýä we sebit derejeli meseleler boýunça bilelikde hyzmatdaşlyk etmekdigi kesgitlendi.

Kakajan ÇARYÝAROW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň çagyryş boýunça harby gullukçysy.