Telefon arkaly söhbetdeşlik

29 Dekabr 2021
1104

28-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň gerimli meselelerine garaldy we parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine aýratyn üns berildi. 2022-nji ýylyň maý aýynda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna taýýarlyk görmek hem-de ony geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Metbugat habaryndan.