Türkmenistan – Gazagystan Respublikasy: Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary

24 Dekabr 2021
1174

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz bütin dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanalýar. Merkezi Aziýa sebitinde ýerleşýän Gazagystan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar hem soňky ýyllarda täze many-mazmuna beslenýär. Türkmenistan 1992-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda gol çekilen Teswirnama esasynda Gazagystan Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-de döredilen Bitaraplygyň dostlary toparyna Gazagystanyň hem goşulandygy, şeýle-de, Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy meselesi hem-de pandemiýa döwründe we ondan soňky döwürde ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Kararnamalara awtordaşlyk edýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Ýalkapberdi AŞYRMYRADOW,
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň halkara gatnaşyklary bölüminiň baş hünärmeni.