21-nji dekabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy sanly ulgam arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň her ýyl geçirilýän mejlisine gatnaşdy.
Bu çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlamentleriniň we hökümetleriniň wekilleri, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, «BMG — Zenanlar» düzüminiň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň raýat jemgyýeti edaralarynyň, arap zenan parlamentarileriniň deňlik ugrunda «Ra edat» guramasynyň hem-de Afrika zenanlarynyň birleşiginiň ýolbaşçylary we wekilleri hem gatnaşdylar.