Hyzmatdaşlygyň gerimi giňeýär

22 Dekabr 2021
1100

20-nji dekabrda paýtagtymyzda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky 11-nji mejlisi geçirildi. Mejlisiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen hökümetara toparyň gazak tarapyndan başlygy, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Roman Sklýaryň duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň uly mümkinçilikleriniň nazarda tutulmagy bilen, ýangyç-energetika, senagat, ulag we aragatnaşyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, hususan-da, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň döwlet hem-de hususy pudagynyň işjeň çekilmegi arkaly halkara we sebit derejesindäki awtoulag, demir ýol, deňiz gatnawlarynyň giňeldilmegine ähmiýet berildi. Taraplar, şeýle hem özara bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeli guraly bolup çykyş edýän medeni we ylym-bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagynyň, saglygy goraýyş we lukmançylyk ugry boýunça özara hereketleriň ösdürilmeginiň zerurdygyny beýan etdiler. Toparyň mejlisiniň netijeleri boýunça jemleýji teswirnama gol çekildi.