Asylly ýörelge — ýaşlara görelde

6 Dekabr 2021
1272

Ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän hem-de ýokary okuw jaýlarynda okaýan gelin-gyzlaryň gatnaşmagynda geçirilýän wagyz-nesihat işleri her bir zenanyň kalbynda buýsanç duýgusyny döredýär. Bular dogrusynda TDEI-niň mugallymlarydyr talyp gyzlary özleriniň ýürek buýsançlaryny şeýle beýan edýärler.

Türkmen zenany hakynda söz açylanda, arassa ahlakly, asylly, edep-ekramly, el işine ökde, zähmetsöýer, mähirli, açyk göwünli, ýüzleri nurana eneler we gelin-gyzlar göz öňüňde janlanýar. Şeýle zenanlar bolsa dünýämizi, ömrümizi bezeýär we olar ýaşlara nusgalyk görelde görkezýärler.