Dostlukly döwletleriň hyzmatdaşlygy rowaçlanýar

28 Noýabr 2021
952

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyz has-da ösdürilýär. Bu günki günde Watanymyzda dost-doganlyk gatnaşyklaryna aýratyn sarpa goýulýar. Muňa ýurdumyzda bolup geçýän möhüm ähmiýetli taryhy wakalar hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan dünýäniň ähli ýurtlary bilen deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu ugurda Türkmenistan dünýäniň ykdysady taýdan ösen döwletleri bilen hoşniýetli we giň gerimli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn giňeldilmegini daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitleýär. Muny Türkmenistan bilen Türkiýäniň dostlukly gatnaşyklarynda hem görmek bolýar. Bu döwletler baý taryhy we medeni mirasa eýe bolan ýurtlardyr.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmegi döwletara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine, türkmen-türk gatnaşyklarynyň has-da giňeldilmegine täze itergi berer.
«Mugallymlar gazeti».