Özara bähbitli hyzmatdaşlyk

26 Noýabr 2021
1121

25-nji noýabrda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň XX ýubileý mejlisine gatnaşdy. Onuň barşynda ŞHG-niň çäklerinde özara gatnaşyklary ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Wise-premýer wekiliýetleriň Baştutanlaryna ýüzlenip, hormatly Prezidentimiziň mähirli salamyny we mejlise gatnaşyjylaryň ählisine üstünlikli işlemek baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistan üçin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklar halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň möhüm ugrudyr. Söwda-ykdysady ulgam, senagat taýdan goşulyşmak, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek, Türkmenistan bilen ŞHG-niň ýurtlarynyň arasynda haryt dolanyşygynyň düzümini kämilleşdirmek meseleleri özara bähbitli we uzak möhletli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleri açýar. Ulag ulgamynda ösüşiň kuwwatynyň, Türkmenistanda döredilýän utgaşykly ulag-logistika ulgamynyň Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça esasy ýollaryň birleşdirilmegine gönükdirilendigi hem-de Türkmenistanyň Hökümetiniň bu ugurlarda anyk taslamalary işläp taýýarlamak maksady bilen, işewür toparlaryň gatnaşyklarynyň giňeldilmegini mundan beýläk-de goldajakdygy bellenildi.

«Watan».