Taryhy-medeni gymmatlyklarymyz

26 Noýabr 2021
1218

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň geçmiş taryhyny we baý medeni-ruhy gymmatlyklaryny dikeltmek we dünýä ýaýmak ugrunda örän uly işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurdaky işler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şonuň esasynda Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berlip, BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen netijeli gatnaşyklar ösdürilýär.

ÝUNESKO-nyň taryhy özüniň gözbaşyny 1945-nji ýylyň noýabrynda Londonda geçirilen halkara maslahatyndan alyp gaýdýar. Şonda ÝUNESKO-nyň Düzgünnamasyna 20 ýurduň wekilleri gol çekdiler we bu resminama 1946-njy ýylyň 4-nji noýabrynda güýje girdi. ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň birinji mejlisi 1946-njy ýylyň 20-nji noýabry —10-njy dekabry aralygynda Parižde geçirildi. ÝUNESKO-nyň Düzgünnamasynyň 1-nji maddasyna laýyklykda, bu guramanyň maksatlary ählumumy hormatyň, adalatlylygyň, adam hukuklarynyň we ähli halklar üçin esasy azatlyklaryň üpjün edilmeginiň hatyrasyna ýurtlaryň arasynda bilim, ylym, medeniýet we maglumat çäklerinde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalanmagyna ýardam etmek bolup durýar. Şu maksatlary amala aşyrmak üçin ÝUNESKO her bir ýurduň halkyna onuň öz ösüşine täsirli amal etmegi üçin bilimi höweslendirýär we giňeldýär; her bir ýurduň öz gorlaryndan gowy peýdalanyp bilmegi üçin ylmy-tehniki binýadyň döredilmegine kömek edýär; medeniýetleriň özboluşlylygyna we dürlüligine zeper ýetirmezden kämilleşdirmekden has köp peýda görmek maksady bilen milli medeni gymmatlyklaryň ösmegini we medeni mirasyň goragyny höweslendirýär; maglumatlaryň has erkin akymyny üpjün etmek, onuň has giň we deňagramly ýaýradylmagy üçin habar alyş-çalşygyny ösdürýär; adam hukuklarynyň, adalatlylygyň we parahatçylygyň berjaý edilmeginiň serişdesi hökmünde durmuş ylymlaryň ösmegine ýardam edýär.

Kuwwat JUMALYÝEW,
Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň taryh mugallymy.