Saglygy goraýyş ulgamy: tejribeler, tagallalar, aýdyň wezipeler

26 Noýabr 2021
1066

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gönüden-göni ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan we kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şoňa görä-de, Türkmenistan BMG-niň bu ugurda ýöriteleşdirilen düzümi bolan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Häzirki zaman dünýäsinde ählumumy howpa öwrülen koronawirusa garşy göreşmek, onuň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, ýurdumyz bu guramanyň maslahatlaryna eýerip, lukmançylyk diplomatiýasy boýunça köptaraplaýyn halkara gurallary döretmek üçin täze başlangyçlary öňe sürýär. Milli Liderimiziň koronawirus ýokanjynyň genomyny öwrenmek üçin BSGG-niň Ýörite maksatnamasyny işläp düzmek; guramanyň öýken sowuklama keseline garşy göreşmek boýunça köptaraplaýyn guralyny ýola goýmak; BSGG-niň Ýiti ýokanç keselleri bejeriş we olaryň öňüni alyş usulyýet merkezini; Merkezi Aziýada Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa sebit merkezini döretmek meselelerini öwrenmek babatda teklipleri munuň aýdyň mysalydyr.

Ozal habar berlişi ýaly, ýakynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň wekiliýeti Türkmenistanda iş saparynda bolup, jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda ýola goýlan işler, temmäkä garşy göreşmek, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemeginiň adamyň saglygyna ýetirýän oňaýsyz täsirlerini azaltmak, COVID-19 ýokanjynyň öňüni almak boýunça görülýän çäreler bilen tanyşdy. Wekiliýetiň agzalary Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetinde, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliklerinde, Weterinariýa gullugynyň merkezi barlaghanasynda bolup, tejribeleri paýlaşdylar hem-de Halkara Saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa, newrologiýa, endokrinologiýa we hirurgiýa merkezleriniň, Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň, Gaýragoýulmasyz «Tiz kömek», Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezleriniň, Aşgabat şäheriniň 10-njy saglyk öýüniň, Halkara okuw-ylmy merkeziniň iş aýratynlyklary bilen tanşyp, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde talyplaryňdyr professor-mugallymlaryň öňünde çykyş etdiler.

Ýazga geçiren Ogulmähri GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň direktory.