Eşretli durmuşyň kepili

8 Noýabr 2021
1030

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe rowaçlygyň, parahatçylygyň, abadanlygyň bagtyýar ösüşli menzilleri halkymyzy guwandyrýar. Gyş pasly ýetip gelýär. Gyşyň aňzagynda ojaklarymyzyň ody ýanyp, öýlerimiz ýylap dursa, ýurdumyzyň abadanlygy şol ýerden başlanmaýarmy, eýsem? Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ýurdumyzda raýatlaryň ýaşaýyş-durmuşyny gowulandyrmak, halkymyzy ösüşiň täze belentliklerine atarmak döwletimiziň esasy aladalarynyň birine öwrüldi.

Altyn güýzüň dowam edýän häzirki günlerinde ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladylmagy möhüm işleriň biri bolup durýar. Gyş möwsümini taýýarlykly garşylamak babatynda welaýat jemagat hojalygy birleşiginiň “Maryşäherýylylyk” müdirliginde hem işler oňat ýola goýlupdyr. Şäheriň çägindäki edara-kärhanalary, döwlet we hususy eýeçiligindäki ýaşaýyş jaýlaryny, myhmanhanalary, saglyk, bilim, medeniýet, sport desgalaryny, mekdepdir çagalar baglaryny ýylylyk bilen üpjün etmegi müdirligiň agzybir işgärleri öz wagtynda ýola goýdular. Olar şäher boýunça ýylylyk desgalarynyň içindäki ýylylyk beriji enjamlary birlaý gözden geçirdiler. Ýylylyk beriji gazanlarda bejeriş işleri geçirilip, güýz-gyş möwsümi taýýarlykly garşylanyldy. Bejeriş işleriniň talabalaýyk ýola goýulmagynda müdirligiň agzybir işgärlerinden “Maryşäherýylylyk” müdirliginiň 2-nji bölüminiň başlygy Myrat Ataýew, müdirligiň bug-gazan operatory Begenç Sähedow, müdirligiň enjamlary bejeriji ussasy Döwletgeldi Pirow ýaly, ýene-de birnäçe tejribeli işgärler desgalaryň, ýylylyk geçirijileriň hemişe saz we bökdençsiz işlemegi ugrunda uly alada edýärler. Olar ýylylygyň howanyň ýagdaýyna görä sazlanylyp, sarp edijilere ýetirilmegini gazanmaga çalyşýarlar.