Ulgamyň döwrebap gadamy

1 Sentýabr 2021
1130

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň esasy maksady ýurduň maliýe ýagdaýyny berkitmekden, şeýle hem ilatyň we ýurduň edara-kärhanalarynyň ätiýaçlandyryş hyzmatlaryna isleglerini halkara derejede we bähbitli şertlerde kanagatlandyrmakdan ybaratdyr.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň önümçilik toplumlarynda tehniki hadysalaryň öňüni almagyň, işgärlere şikes ýetmegi bilen baglanyşykly ýagdaýlaryň döremezligini üpjün etmegiň döwlet ätiýaçlandyryş edaralarynyň öňünde durýan esasy wezipedigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna we halkara ölçegler laýyk derejede ýola goýulmalydygyny tabşyrýar.