Energetika pudagynyň aýdyň ýoly

30 Awgust 2021
1053

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde beýleki pudaklar bilen bir hatarda energetika pudagynyň hem ösdürilmegine uly üns berilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda birnäçe elektrik stansiýalary gurlup, ulanylmaga berildi, ozaldan hereket edip gelýän stansiýalaryň durky täzelendi, dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Energetika babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup, energetiki garaşsyzlygyň we howpsuzlygyň gazanylmagy, ýurdumyzyň sarp edijileriniň elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün edilmegi çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, welaýatymyzda energetika desgalary — elektrik stansiýalary, elektrik geçirijileri we paýlaýjy gurluşlary gurlup, ulanmaga berildi.

Taryhy maglumatlardan belli bolşy ýaly, 1913-nji ýylda welaýatymyzyň çäklerinde Hindiguş gidroelektrik stansiýasy gurlup, ulanmaga berildi. Bu energetika desgasy Türkmenistanyň çäginde elektrik energetikasy pudagyna degişli ilkinji desga bolup, häzirki wagtda hem işlemegini dowam edýän ýurdumyz boýunça ýeke-täk gidroelektrik stansiýasy hasaplanylýar. Bu gidroelektrik stansiýasynda suwuň potensial energiýasy ulanylýar. Gidroturbinalar aýlanyp, elektrik energiýasy öndürilýär. Onuň umumy kuwwatlylygy 1,2 MWt-a deňdir, bu kuwwatlylygy sarp edijilere ýetirmek üçin uzynlygy 38,7 kilometrlik elektrik geçirijisi guruldy.