Türkmenistan — BMG: köpýyllyk hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi

25 Awgust 2021
1150

24-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda täze bellenen hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkony kabul etdi.

Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşuryp, türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de rowaçlyk we parahatçylyk döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine ynam bildiren BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň mähirli salamyny ýetirdi.

"Nesil".