Goňşy döwletleriň we doganlyk halklaryň bähbidine

19 Awgust 2021
1200

2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanda – gojaman Hazaryň türkmen kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy üstünlikli geçirildi. Bu maslahat köpugurly sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge, ony häzirki döwrüň talaplaryna hem-de bar bolan mümkinçiliklerine kybap gelýän täze belentliklere çykarmaga gönükdirilendir.

Sebit boýunça goňşular bilen dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ikitaraplaýyn hem-de köpugurly görnüşde deňhukukly we ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklary ählitaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen syýasat durmuşa geçirilýär. Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisi bilen doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarly bolmak bilen, sebitde köpugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, bilelikdäki geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam edýän anyk başlangyçlary öňe sürýär.