Hoşniýetli gatnaşyklar ösdürilýär

19 Awgust 2021
1231

Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan beýik işleriniň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ösüşiň täze sepgitlerine tarap ynamly barýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda dürli halkara çäreler üstünlikli geçirilýär. Şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy we beýleki ýokary derejeli forumlar, sergiler milli Liderimiziň parahatçylyk döredijilik syýasatynyň miwesi bolup durýar.

Merkezi Aziýa sebiti geosyýasy we geoykdysady taýdan amatly ýerde ýerleşýär. Köpasyrlyk taryhy we geografik taýdan ýakynlyk, medeniýetleriň meňzeşligi bu sebitiň halklaryny birek-birek bilen has-da ysnyşdyrýar. Şu gymmatlyklaryň döwletara gatnaşyklarda ileri tutulmagy Merkezi Aziýada parahatçylygyň we gülläp ösüşiň berkarar bolmagyny şertlendirýär.

Şatlyk IŞANOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.