Zenan sarpasy

18 Awgust 2021
1040

Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artmagy, dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni we beýleki ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan alnyp barylýan «Açyk gapylar» syýasatynyň oňyn netijeleridir. Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde möhüm orun eýelemek bilen, global, sebitleýin häsiýetli derwaýys meseleleriň çözülmegine özüniň mynasyp goşandyny goşýar hem-de halkara gatnaşyklar ulgamyndaky ornuny has-da pugtalandyrýar.

Şu ýylyň 6-njy awgustynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen gojaman Hazaryň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň we ykdysady forumyň üstünlikli geçirilmegi sebitiň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe boldy. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, sebitiň ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwaly, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gala-konserti ýokary derejede guramaçylykly geçirilip, ýurdumyzyň netijeli hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge we sebit ýurtlary bilen hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly goşant goşdy. Bu halkara çäreleriň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda geçirilmegi aýratyn bellärliklidir.

Jennet ÖWEKOWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.